Ï «Algoritm we programma üpjünçiligi» hakaton bäsleşigi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Algoritm we programma üpjünçiligi» hakaton bäsleşigi geçirilýär

view-icon 52
«Algoritm we programma üpjünçiligi» hakaton bäsleşigi geçirilýär

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 30-njy noýabrda onlaýn görnüşinde «Algoritm we programma üpjünçiligi» atly hakaton bäsleşigini geçirer.

Hakatonyň maksady zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak we goldamak, ýaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini, olaryň analitiki pikirlenişini we berlen meseleleri özbaşdak çözmek başarnyklaryny ösdürmekdir.

Çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Her bir okuw mekdebinden dört talypdan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

Programma döretmek boýunça meseleleri çözmek üçin bäsleşige gatnaşýan toparlara 3 sagat wagt berler. Talyplaryň işleri degişlilik, özboluşlylyk, täzelik we amaly ähmiýetlilik ýaly ölçegler esasynda eminler topary tarapyndan bahalandyrylar. Gatnaşyjylaryň berlen wagty netijeli ulanmak we toparda işläp bilmek ukyplary hem hakatonyň jeminde göz öňünde tutular.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça baş baýragynyň eýesi boljak topar kesgitlener. Şeýle hem iň gowy toparlara iki sany I, iki sany II we üç sany III orunlar berler. Hakatonyň ýeňijileri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar 10-njy noýabra çenli sedahojayev06@gmail.com elektron salgysy arkaly guramaçylyk toparyna sargyt ugradyp, bellenen tertipde hasaba durup bilerler.

Ýüz tutmak üçin arzanyň nusgasy we hakatony geçirmegiň düzgünleri institutyň resmi saýtynda «Täzelikler» bölüminde ýerleşdirilendir. Goşmaça maglumaty görkezilen elektron salgy we +99362 66 55 47 telefon belgili arkaly alyp bolar.

Guramaçylyk toparynyň belleýşi ýaly, hakaton bäsleşigine gatnaşmak – ýokary hünär taýýarlygyňyzy görkezmek, bilermenleriň bahasyny almak hem-de ylmy we IT jemgyýetçiliginde öz ornuňyzy berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Guramaçylar intellektual mümkinçilikleri amala aşyrmaga, geljegi uly programma üpjünçiligini işläp düzmäge, ýokary ussatlygyny tassyklamaga we bäsleşikde hormatly baýrakly orunlar üçin bäsleşmäge taýýar bolan işjeň we özüne ynamly talyplary gatnaşmaga çagyrýarlar.