12.04.2022
7715
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
12.04.2022
8116
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
12.04.2022
9072
Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi.
12.04.2022
8062
Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.
12.04.2022
8656
Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk
Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.
12.04.2022
7783
«Ahal» AFK-nyň çempionlar Ligasynda ikinji oýnuny geçirdi
«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistandan, Eýrandan , Katardan hem Birleşen Arap Emirliklerinden ybarat dört toparyň gatnaşmagynda Jidda şäherinde geçýän AFK-nyň çempionlar Ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda ikinji oýnuny geçirdi.
11.04.2022
9929
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.04.2022
7454
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
11.04.2022
12355
Ýürekden syzlyp dörän milli sazlar
Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi.
11.04.2022
7700
Aziýanyň Kubogy-2022-de ilkinji ýeňiş
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bäsleşiginde ýer eýelerini utup, ilkiniji taryhy ýeňşini gazandy. Oýun Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynyň meýdançasynda geçdi we 3:1 hasabynda tammalandy.