Ï Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün

view-icon 108
Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär. Şol maksat bolsa halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäklerinde irden “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleridir alymlar gatnaşdylar. Bu çäräniň geçirilmeginiň hepdeligiň meýilnamasyna girizilmegi häzirki innowasiýalar we düýpli özgertmeler eýýamynda “medeni miras” diýen düşünjäniň barha giň many-mazmuna eýe bolýandygyny ýüze çykarýar. Çünki taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak baradaky alada döwletiň hem-de jemgyýetiň örän möhüm wezipeleriniň hataryna çykaryldy.

Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurt. Olar gadymy zamanlarda-da gurluşygyň ýokary derejede bolandygyna, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Halk amaly-haşam sungatynyň, binagärligiň ösmegi üçin binýady döreden bu gymmatlyklar döwlet tarapyndan goralýar. Balkan welaýatyndaky “Gadymy Dehistan” goraghanasynyň çäkleri hem şeýle gymmatlyklaryň biridir. Biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň başlaryndan I müňýyllygyň ortalaryna çenli dowam eden Dehistanyň arhaik döwrüniň medeniýeti Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky Hazarýaka sähralyklarda ýerleşýär. «Arhaik» adalgasy «köne» diýen manyny aňladyp, ol bu ýerde Dehistana degişli ylmy edebiýatda biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrdan başlanýan we «antik döwür» diýlip atlandyrylýan döwürden öňki taryhy döwri aňlatmakda ulanylýar. Medeni gatlaklardan, tapyndylardan emele gelen depeler toplumy, emeli suwarymly ekerançylygyň galyndylary bürünç asyryň ahyrynda, adamzadyň demir işlemegi ýaňy öwrenip ýören döwürlerinde bu ýerde bolup geçen ýaşaýşy suratlandyrmaga mümkinçilik berýär. Medeniýetiň eýeleýän çäkleri, esasan, demirgazykda Balkan daglarynyň gerişleri, günbatarda Hazar deňzi, günortada Etrek-Gürgen derýalarynyň jülgeleri bilen gurşalandyr.

Döredijilik forumyna gatnaşyjylar Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde arheologiýa ylmynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bu barada alym Arkadagymyzyň: «Arheologiýa bizde ylmyň ösüşi üçin geljegi has uly bolan pudaklaryň biridir. Munda geljek nesilleriň, janypkeş barlagçylaryň öňünde ylmy açyşlar etmäge döredijiligiň giň meýdany açylýar» diýen jümlelerine ýüzlendiler. Giň gerimli işleriň çäklerinde halkara ähmiýetli milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagynda hereket edýän taryhy-medeni goraghanalar tarapyndan ylmy-arheologik barlag işleri alnyp barylýar.

Halk köpçüligi ylmy işleriň netijeleri bilen telewideniýe, metbugat arkaly yzygiderli tanyşdyrylýar. Hünärmenleriň toplan täze ylmy maglumatlary, tejribeleri barada maslahatlar guralýar. Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerinde guralan “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly ylmy-usulyýet maslahatyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.

Hepdeligiň dördünji gününde Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde hem ol medeni we aňyýet ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr. Ýokary hilli neşir önümleri kitap okamak medeniýetini ýokarlandyryp, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna aralaşmagyna ýardam edýär. Çünki ynsanyň durmuşynda kitabyň orny örän uludyr. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent maksatlaryny amal etmekde-de kitabyň hyzmatyna, kitaphana işgärleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir.

Ýurdumyzyň kitaphanalarynda, kitap dükanlarynda döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanylmagy kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde nusgawy edebiýatymyzyň dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, şol sanda gyzykly ertekilerdir rowaýatlar, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri ýokary hilli çap edilip, kitaphanalaryň we kitap dükanlarynyň kitap gory has-da baýlaşdyryldy. Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan ýörelgelere laýyklykda, sesli kitaplar, täze döredilen elektron kitaplaryň saýty halk köpçüligine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar olar bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Çykyşlarda kitap gaznalaryny innowasion we taslamalaýyn esasda ösdürmek, elektron neşirleri wagyz etmek, elektron maglumatlaryň, taryhy resminamalaryň, kitaplaryň uzak möhletleýin saklanylmagy boýunça mümkinçilikler bilen bagly wezipeler barada-da durlup geçildi.

Hepdeligiň dördünji gününiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda edilýän yzygiderli aladalaryň netijesidir. Çagalaryň baýramçylyk konserti medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen, sungatyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini äşgär etdi. Balkanly ýaş zehinleriň çykyşlary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, konserte tomaşa edýänlere ýakymly pursatlary bagyşlady.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär.

“Emeli aňyň ösýän şertlerinde media ulgamynda täze mümkinçilikler” diýlip atlandyrylyp, utgaşykly görnüşde geçirilen brifingde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuşyna döwrebap innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny nygtadylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärdeşlerine Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda ýaşaýyş-durmuşymyzyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan tehnologik innowasiýalaryň ähli ulgamlara işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň depginini güýçlendirmäge, adamlaryň durmuşyny has-da kämilleşdirmäge amatly şertleri döredýär. Emeli aňyň mümkinçiliklerinden işjeň we netijeli peýdalanmagyň usullary yzygiderli öwrenilýär. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy baradaky meselä uly üns berilýär. Emeli aňyň “akylly” tehnologiýalar bilen hem baglanyşyklydygy göz öňünde tutulanda, Arkadag şäheriniň ajaýyplyklaryny aýratyn nygtamak zerurdyr. Ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri häzirki zamanyň iň döwrebap tehnologik çözgütleriniň jemlenen künjegidir.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, depginli tehnologik özgerişleriň eýýamynda internet ulgamy orta çykdy. Internetiň hem-de onuň dürli gurallaryna daýanýan köp sanly mümkinçilikleriň peýda bolmagy bilen, žurnalistikada hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Umuman, brifing işjeň we netijeli häsiýetde geçip, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň hatarynda mynasyp orna eýe boldy.

Giň gerimli döredijilik forumynyň dördünji gününiň medeni çäreleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda jemlendi. Bu ýerde kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy. Duşuşykda çykyş eden ýurdumyzyň görnükli medeniýet, döredijilik işgärleri hem-de kino sungatynyň ussatlary, belli artistler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýola goýlan işleriň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işleriň hem döwrüň talaplaryndan ugur alýandygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli kino eserleriniň kämil derejä ýetirilmegi we onuň halkara giňişlikde ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra bu ýerde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanylan filmiň görkezilişi boldy. Ol medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni hem gyzykly we özüne çekiji wakalary bilen olara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.