05.04.2022
8916
«Bir penjire» ulgamy boýunça Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrükçileriniň duşuşygy
2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň işjeň ýardam bermeginde Türkmenistanyň döwlet Gümrük gullygynyň we Gruziýanyň Maliýe ministrliginiň Girdejiler gullugynyň Gümrük departamentiniň hünärmenleriniň arasynda «Bir penjire» ulgamy boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
05.04.2022
11186
«Täze aýyň» ýokary hilli önümleri
12-nji aprelde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisi açylar. Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini görkezerler.
05.04.2022
8595
Belent derejeli duşuşyk
Ozal habar berlişi ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
04.04.2022
7770
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
04.04.2022
13816
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.B.Abdyllaýew hakynda Permany
Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
04.04.2022
5156
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
Hepdäniň dowamynda ýyly howa bolar diýlip çaklanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ortaça +35 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
04.04.2022
8949
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
04.04.2022
9040
Ilatly ýerleri üpjün etmek maksady bilen
«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri şu ýyl ulanmaga ýaramly ýerasty süýji suwly täze ýataklary agtarmak we olaryň ulanylyş gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreler toplumyny geçirdiler.
03.04.2022
10162
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar
Şu gün — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi.
03.04.2022
19142
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalaryň operasiýa bejergileri üçin serişdeleri bölüp bermegi dowam edýär
Gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar — ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.