02.04.2022
4957
Halkara bäsleşiginde gazanylan üstünlik
Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dördünji ýyl talyby Akbar Kamalow üflenip we urlup çalynýan saz gurallynda saz çalýanlaryň III Halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandy.
02.04.2022
36051
Gyzyl kitaba girizilen çigildemler Aşgabadyň botanika bagynda gülleýär
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň hünärmenleri fenologik gözegçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň köp endemik ösümlikleriniň: Regeliň eremurusynyň, Köpetdag gyzganynyň, Bunge bägülüniň, sazagyň, gozaly iňňeýapraklylaryň ösüşini we çigildemiň çägesöw ýerde gülleýändigini bellediler.
02.04.2022
5376
Howdanyň gurluşygy dowam etdirilýär
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän, Amyderýanyň gyrmançaly mele suwuny durlamak, Garagum derýasyndan suwy bökdençsiz akdyrmak üçin bol suw goruny döretmek we Garagum derýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak maksady bilen ýurdumyzyň günorta – gündogarynda, öňki Zeýit, 2006-njy ýyldan bäri bolsa, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdany hereket edýär.
02.04.2022
4471
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň dowamyndaky Bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasy
1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir.
02.04.2022
7940
Türkmenistanly futzalçylar Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşýarlar
Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-12-nji aprelde Aziýa Kubogy -2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege gitdiler.
01.04.2022
6068
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
01.04.2022
17424
Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm ugrudyr
Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
01.04.2022
6236
Lýuksemburgda geçirilýän 2022-nji ýylyň düýnä çempionatyna gatnaşjak hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi belli boldy
3-nji aprelde Lýuksemburgda başlaýan düýnä çempionatyna üçünji diwizionda «A» toparda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň hatarynda 20 türgen bolar.
01.04.2022
7836
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň DIM-niň ýolbaşçylarynyň 3-nji duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmensitanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
01.04.2022
9922
Häzirki zaman türkmen multiplikasiýa sungaty
Multfilmler çagalaryň iň gowy görýän güýmenjesidir. Eger çagalygymyzy ýada salsak, dürli ýaşdaky ‒ 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlaryň ajaýyp multiplikasiýa filmlerine tomaşa etmegi halaýandyklaryny çaklap bileris.