mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

17.12.2021

total-veiw

6489

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky gol çekilen Resminamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna – esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

news-photo

17.12.2021

total-veiw

5095

Türkmenistanyň teatrlary tomaşaçylara garaşýarlar

Teatr möwsüminiň açylmagy köpsanly tomaşaçylar we täze oýunlary yhlas siňdirip taýýarlan artistler üçin hem baýramdyr.

news-photo

17.12.2021

total-veiw

6745

Sport bäsleşikleri geçirildi

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi sport bäsleşiklerini geçirdi.

news-photo

17.12.2021

total-veiw

11849

Eýranyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady.

news-photo

16.12.2021

total-veiw

6545

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

news-photo

16.12.2021

total-veiw

13785

Tejen şäheriniň muzeýindäki täsin eksponatlar

Tejeniň hemişe köp adamly Taryh we ülkäni öwreniş şäher muzeýi 1990-njy ýylda açyldy.

news-photo

16.12.2021

total-veiw

12955

Miwe we gök önümleriň söwdasy

Ýurdumyzyň söwda nokatlary we bazarlary ilata ýurdumyzda öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän dürli miweleri hödürleýärler.

news-photo

16.12.2021

total-veiw

9000

Maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty (TTII) maglumat howpsuzlygy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň netijelerini jemledi.

news-photo

15.12.2021

total-veiw

13380

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna

Sizi türkmen döwletiniň taryhynda möhüm wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär.

news-photo

15.12.2021

total-veiw

24700

Milli Liderimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň çap edilmegi mynasybetli maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

...3336