04.11.2021
11215
«Gaz» kükürdinden alynýan polimerbeton
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary (ylmy ýolbaşçysy – himiýa ylymlarynyň kandidaty K.Mawyýew) tebigy we gidromineral çig mal himiýasy hem-de tehnologiýasy laboratoriýasynda «gaz» kükürdinden we bu maddanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmeginiň galyndysyndan ýeňil kükürt betonyny we polimerbeton almagyň usulyny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugy himiýaçy alymlaryň täze işine oýlap tapyşa çäkli patent berdi.
04.11.2021
9207
Türkmenistanly sazandalar «Dutaryň owazy» gözden geçirilişiniň baýragyna mynasyp boldular
Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Sungatlar VI halkara gözden geçirilişiniň jemi jemlendi. Bäsleşikde baýrak alanlaryň arasynda türkmenistanly sazandalar –skripkaçy Bahram Dolyýew bilen altçy, kirişli saz gurallary orkestriniň dirižýory Tahyr Ataýew we onuň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary bar.
04.11.2021
13125
Ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar
Dünýäniň belli kompaniýalaryndan agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijilikli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda daýhanlaryň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.
04.11.2021
9845
Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriniň gün tertibinde Türkmenistanyň ähmiýetli başlangyçlary beýan edildi
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
04.11.2021
10579
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen gepleşikler
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
04.11.2021
6798
Glazgo COP26 sammiti: Dünýä ýolbaşçylary bilen iri korporasiýalar taryhy jarnamany kabul etdiler we tokaýlary dikeltmäge borçlandylar
COP26 Bütindünýä howa sammitiniň ikinji gününde oňa gatnaşýanlar - ýurtlaryň ýolbaşçylary we iri korporasiýalar tokaýlary gorap saklamaga we dikeltmäge borçlandylar.
03.11.2021
4904
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.
03.11.2021
11598
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdirine berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
03.11.2021
8422
Daşary ýurt dilleri jahana ýol açýar
Türkmen döwlet Medeniýet institutynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ýörelgesiniň kabul edilmeginiň 4 ýyllygyna gabatlap, ylmy-amaly konferensiýa geçirildi.
03.11.2021
5995
COP-26 barada näme bilmeli?
Glazgoda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 26-njy sessiýasy geçýär.