03.11.2021
18734
Astanababa obasyndaky gadymy Alamberdar aramgähi
Astanababa Amyderýadan bary-ýogy iki kilometrlikde ýerleşýän oba. Geçen asyryň başynda bu ýerde ekarançylyk, ýüpekçilik bilen meşgullanan, balykçylara gaýyk ýasan ärsarylar ýaşapdyrlar. Ýerli ilat agaja nagyş salmaga, küýzegärlige, ýarag ýasamaga we demirçilige ussat bolupdyr. Bu ýerdäki mähelleli bazaryň, metjidiň we esasy keramatly ýeriň - Alamberdar aramgähiniň töwereginde ussahanalarydyr dükanlar ýerleşipdir.
03.11.2021
14708
Tohumlar taýýarlanylýar
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri agaçdyr gyrymsy agaçlaryň tohumynyň güýzki ýygymyna girişdiler. Jogapkärli güýzki tokaý ekinçiligi işleriniň biri bolan bu çäräniň sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýeti bardyr.
03.11.2021
10413
Ýaş zehinleriň halypasy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň «hor» mugallymy «Güneş» hor toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sugatda at gazanan işgäri, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aknur Saparowna Hojagurbanowa türkmen medeniýetine, sungatyna, bilimine uly goşandyny goşýan dirižýor, hormeýster zenandyr.
02.11.2021
6809
Türkmenistan Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek ylalaşygyna goşulýar
30-njy oktýabrda geçirlen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrlyşynyň maslahatynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda kabul edilen «Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy tassyklandy. Ylalaşyk Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyň («GGGI») döredilmeginiň esasy maksadyny, ykdysady ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygynyň deňagramly ösüşine garaýan täze ykdysady nusgasyny goldap, ýaýratmak arkaly, ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşine goşant goşmak hökmünde kesgitledi.
02.11.2021
7195
Futbol çempionatynda «Ahal» «Altyn Asyr»-dan arany açdy
«Ahalyň» futbolçylary yzly-yzyna üç ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempionatynda öňdäki ornuny berkitdi. Paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirlen 3-nji tapgyrda Mergen Orazowyň şägirtleri Marynyň «Energetik» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi.
02.11.2021
5337
«Iran Hodro» Türkmenistana eksport etmäge taýýar
Eýranyň iň iri awtomobil gurluşyk şereketi bolan «Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş müdiri türkmen bazaryna ýangyjy dürli-dürli bolan (benzin we gaz) awtoulaglary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.
02.11.2021
9387
Orazmuhammet Gurbannyýazow: Gündogaryň we Günbataryň kompozitory hem gumanisti
Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zehinli kompozitor, halypa mugallym Orazmuhammet Gurbannyýazowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Dabaranyň başynda konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Gülzada Guldurdyýewa kompozitoryň ömri we döredijilik ýoly dogrusynda tanyşdyrma bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa Orazmuhammet Gurbannyýazow bilen bile işlän pursatlary dogrusynda özünde galan gyzgyn ýatlamalary we onuň türkmen saz sungatyna goşandy barada gürrüň berdi. Şeýle-de, kompozitoryň fortepiano üçin «Kukuşka» eserini ýerine ýetirdi. Bu eseriň skripka we fortepiano üçin görnüşi Russiýanyň halk artisti, häzirki döwrüň tanymal skripkaçysy Leonora Dmiterkonyň ýerine ýetiren wideo-ýazgysy görkezildi hem-de ol tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.
02.11.2021
5404
Gyrgyzystan ilkinji ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady forumyny kabul eder
5-nji noýabrda Bişkekde ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumy geçiriler.
02.11.2021
8047
Noýabryň birinji hepdesinde Türkmenistandaky howa barada
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň deslapky çaklamalaryna görä, noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda şemally we salkyn howa bolar. Hepdäniň ortalaryndan howanyň esli derejede sowamagyna garaşylýar.
02.11.2021
19099
Watançy şahyr Dosmämmediň ykbaly
Özboluşly türkmen şahyry Dosmämmediň ömri baradaky maglumatlar onuň goşgylaryndan, şahryň nebereleriniň gürrüňlerinden aýan bolýar.