12.10.2021
11059
Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halk baradaky alada
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýubileý ýylynyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Bu çözgüt Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.
12.10.2021
27184
Türkmenistan elektrik energiýasyny bol öndürýän we eksport edýän ýurtdur
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň başyndan bäri ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 111,6%, eksportynyň bolsa 134,5% barabar bolandygy bellenildi. Meýilnama, degişlilikde 113.3 we 178,1% ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň we eksport mümkinçiliginiň şeýle çalt ösmegi soňky ýyllarda amala aşyrylýan maksatly syýasatyň netijesidir. Bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar, dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen bilelikde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik desgalarynda innowasion, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.
11.10.2021
45752
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda guraldy.
11.10.2021
4672
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.
11.10.2021
6657
Russiýanyň teplowozlary Türkmenistana geldi
Aşgabat lokomotiw deposynyň gorunyň üsti Russiýada öndürilen teplowozlar bilen dolduryldy.
11.10.2021
8728
Şatlygy paýlaşsaň köpeler
Özgeleriň üstünligine guwanmagy başarýan adamlar üçin şatlanmaga sebäpler kän. Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň Egrigüzer obasynyň adamlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz obadaşlaryna beren Şa serpaýyny ýüzlerine syldylar. Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Atageldi Garýagdyýew sungatyň hak howandary bolan Gahryman Arkadagymyzyň baýrak hökmünde sowgat beren täze gymmatbaha ýeňil awtoulagy bilen öz dogduk obasyna geldi. Obadaşlary, köp sanly garyndaşlary we kärdeş dost-ýarlary meşhur aýdymçyny ajaýyp baýragy bilen gutladylar, milli däplerimize eýerip, täze maşyny un sepip, ýüzlerine syldylar.
11.10.2021
13099
Gowaklar şäheri – Ýekedeşik
Taryhy-medeni ähmiýetli ýadygärlik bolan gowaklar şäheri. Ýekedeşik Murgap derýasynyň çep kenarynda ýerleşýär. Ol derýadan 100 metr belentlikde galareýalary umumy geçelge bilen birleşdirilen iki gat labirintdir. Gowaklaryň uzynlygy 37 metr. Adyndan belli bolşy ýaly, äpet toplumyň ýeke girelgesi bar, bu bolsa ony göze ilmez we mäkäm edipdir. Alymlar bu binagärlik ýadygärligi miladydan öňki I asyrda döräpdir diýip hasaplaýarlar.
11.10.2021
13654
Puşkiniň haly portreti
«Könürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bellidir. Muzeýde türkmen halkynyň gadymy durmuşyny we medeniýetini beýan edýän dürli artefaktlar aýawly saklanylýar. Halk ussatlarynyň el hünäri bolan ençeme eksponatyň arasynda rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň hala salnan şekili ünsümizi özüne çekdi. Onsoň bu portretiň awtory, onuň muzeýe nähili ýol bilen düşenligi barada sowallar döredi.
10.10.2021
7992
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.
10.10.2021
12305
Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.