Häzirki zaman ýaşlarynyň durmuşyndaky şanly wakalara, olaryň gazanýan üstünliklerine we döredijilik başlangyçlaryna bagyşlanan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 6-njy sany okyjylarymyza gowuşdy.

Neşiriň nobatdaky sany jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine, ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sportuň ösüşine bagyşlanýar. Žurnalyň sahypalarynda ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary durmuşa geçirmekdäki işjeň gatnaşygyny, şeýle-de ýaş hünärmenleriň, talyplaryň we okuwçylaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezýän makalalar ýerleşdirilipdir.

Elektron neşiriň täze sanynda medeniýetiň we sungatyň jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky ähmiýeti, ylmyň we innowasiýalaryň geljegi kemala getirmekdäki orny, şeýle-de, sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi barada tematik makalalar okyjylara hödürlenilýär.

Žurnalda ýaş alymlaryň gazanýan üstünliklerine, zehinli ýaşlaryň döredijilik taslamalaryna we bäsleşiklere gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemlän we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga ýardam eden «Talyp joşguny – 2026» döredijilik bäsleşigi barada giňişleýin gürrüň berilýär.