05.10.2021
33729
Türkmen lybasynyň özboluşlylygy
Türkmeniň milli lybasy halkyň däp-dessuryny, durmuş ýörelgesini we ýaşaýyş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiniň özboluşly we iň täsirli hadysasydyr. Özboluşly maddy medeniýetiň, halkyň ahlak dünýägaraýşynyň iň tapawutly aýratynlyklaryndan birine öwrülen esasy geýim nusgasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr.
05.10.2021
13168
Mäş ýygymy dowam edýär
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär. Şu ýyl ol güýzlik galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Şu günler meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar. 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Könürgenç etraby ýygymda öňde barýar. 700 gektara bu kösükli ekini eken S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçilikden geçirilýär. Sebitiň daýhanlary geçen ýyldaky ýaly her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.
05.10.2021
8801
Türkmenistanda «Eksport giňişligi» dörediler
Türkmenistanda USAID-iň bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň «Ownuk telekeçilik üçin maslahat beriş maksatnamasynyň» çäginde türkmen kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin, «Eksport giňişligi» dörediler. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen işewürleriniň wekillerine hem ýerli geňeşçilerine, şeýle hem halkara hünärmenlere taýýar önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelerde ugrukdyryjy maslahat berler.
05.10.2021
8267
Daýahatyn: Dikeldiş işleriniň III tapgyry
Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň üçünji tapgyry başlandy. Bu taryhy we medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň çäginde, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Daýahatyn gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir.
05.10.2021
27537
Gaplaňgyrly baliýer
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň «Gyzyl kitaba giren» ýaşaýjylaryndan biri-de baliýerdir. Samyrlar maşgalasynyň bu wekilini hünärmenleriň köpüsi dünýäde gorky-ürküni bilmeýän süýdemdirijileriň biri hasaplaýarlar. Onuň bedeni muskully, ys duýgusy güýçli, häsiýeti bolsa gyzma. Şu häsiýetleri-de oňa awuny tiz tapmaga we özünden uly haýwanlar bilen çekinmän çaknyşmaga mümkinçilik berýär. Baliýer diňe bir gaty ýeri gazmak bilen çäklenmän, eýsem gyrymsydyr beýleki agaçlara çalt dyrmaşmagy-da başarýar. Bu-da onuň iýmit edinmek işini ep-esli ýeňilleşdirýär.
04.10.2021
5413
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
04.10.2021
6636
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
04.10.2021
10284
B.Myradow Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
04.10.2021
5805
Döwlet Baştutanymyz Ç.Amanowa berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
04.10.2021
5447
Türkmenistanyň Prezidenti O.Hojanyýazowa berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri Hojanyýazow Öwezdurdy Geldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.