28.09.2021
11741
EYR-yň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Sarahsyň üsti bilen amala aşyrýan söwda dolanyşygy artdy
Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri şu ýylyň birinji ýarymynda Sarahsdaky demirýol serhet geçelgesi arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna 600 müň tonna eksport ýüküniň iberilendigini, olaryň 9500-den gowragynyň ýük wagonlary bilen geçirilendigini aýtdy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür.
28.09.2021
9176
GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň baş baýramy mynasybetli sergi açyldy
Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde sergi açyldy.
28.09.2021
7368
KAMAZ Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmakçy
Russiýa Federasiýasynyň dizel ýük awtoulaglaryny we dizel dwigatellerini öndürýän KAMAZ kompaniýasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär, bu barada kärhananyň metbugat gullugy habar berýär.
28.09.2021
5087
Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
28.09.2021
6772
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
28.09.2021
3882
Türkmenistanyň Prezidenti “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktoryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi.
28.09.2021
3296
Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi, ol Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
28.09.2021
2981
Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.
28.09.2021
2722
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
28.09.2021
5903
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararlary
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda