24.05.2021
4284
Paýtagtymyzyň şanly senesiniň hormatyna ýokary sylaglar
Şu gün paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
24.05.2021
6284
Kazanyň we Buharestiň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri türkmen paýtagtynyň toýuna bagyşlanan wideoforuma gatnaşdylar
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn halkara maslahatyny geçirdi.
24.05.2021
2857
AŞGABAT — ALBUKERKE: doganlaşan şäherleriň gatnaşyklary ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde şanly 140 ýyllygyny belleýän «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy.
24.05.2021
2605
Aşgabadyň baýramçylyk gününde Azerbaýjanyň telewideniýesi türkmen sungat ussatlarynyň çykyşyny görkezer
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Bakuwdaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde birnäçe bilelikdäki medeni çäreler geçiriler. Bu barada Trend azerbaýjan habarlar gullugy habar berýär.
24.05.2021
9796
“Meniň kakam” – film nähili döredi: Arslan Eýeberdiýew bilen söhbetdeşlik
Ýaňy tamamlanan “Aşgabat bahary” gysga metražly film bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykardy. “Meniň kakam” filmi iki ugurda: iň gowy aýal roly we eminleriň saýlan eseri hökmünde üstünlik gazanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
24.05.2021
9630
Aşgabat – türkmen kompozitorlarynyň aýdymlarynda
Aşgabat şäherine ─ 140 ýyl. Bu möhüm waka bagyşlanyp medeni çäreleriň bir toplumy geçirildi. Şolaryň biri-de aýdym-saz festiwalydyr. Bu çäräniň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we türkmen sahnasynyň ussatlary ýaş ýerine ýetirijiler üçin nusgalyk – okuw derslerini geçirdiler. Bu amaly okuw sapaklarynda türkmen kompozitorlarynyň ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabada bagyşlanan aýdymlary ýaňlandy.
24.05.2021
2645
Mary welaýatynda galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanýar
Ýurduň iň günortasynyň käbir etraplarynda galla oragy başlandy. Bu möwsümde Tagtabazar etrabynyň gallaçylary kombaýnlary ilkinji bolup, meýdanlara çykardylar. Pendi düzlüginde howanyň gyzgynlygynyň beýlekilere görä biraz parhlydygy sebäpli, sümmülleriň başlary eýýäm kemsiz bişip ýetişdi. Mary welaýatynda galla oragynyň köpçülikleýin başlanmagyna sanlyja gün galdy. Bu aralykda umumy galla ýygymyna girişmegiň agrotehniki çäreleriniň toplumyny barlagdan geçirmäge entäk wagt bar.
24.05.2021
9894
Türkmen ştangaçylary Daşkentde geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionatynda medal ugrunda güýç synanyşarlar
23-nji maýda Daşkentde başlanan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar. Bu barada biziň habarçymyza Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde habar berdiler.
24.05.2021
6079
«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
23.05.2021
4464
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany I.H.Amanlyýew hakynda
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.