05.04.2024
7268
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty sopromat boýunça III halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Materiallaryň durnuklylygy» dersi boýunça III açyk halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi. Ol Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu ýokary okuw mekdep tarapyndan guraldy.
05.04.2024
8082
«Ahal» futbol topary öňdelik ugrundaky göreşde «Arkadag» toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdi
v
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda, Maryda we Ahal welaýatynda oýnalan üç oýun bilen tamamlandy.
05.04.2024
10969
Daşoguzyň bagşylar muzeýinde meşhur dessançy bagşy A.Myradowanyň 100 ýyllygy bellendi
5-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň bagşylar muzeýinde Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
05.04.2024
6861
Tehnologiýalar merkezinde dogry iýmitlenmegiň saglyga peýdasy barada maslahat boldy
5-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, «Dogry iýmitlenmek sagdyn durmuşyň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Duşuşygy, adat bolşy ýaly, Tehnologiýa merkeziniň müdiri, himiýa ylymlarynyň doktory D.Gadamow giriş sözi bilen açdy.
05.04.2024
5960
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi
Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda paýtagtdaky Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiň professory Nikolaý Waskiwiň çeper söz hem filosofik pikir ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna we ajaýyp şahsyýetine bagyşlanan kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
05.04.2024
4005
«Turkmenistan Media Literacy 2024» taslamasyna gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy
Aşgabatda «Turkmenistan Media Literacy 2024» maksatnamasynyň çäklerinde guralan media we maglumat taýdan sowatlylygy ýokarlandyrmak hem-de faktçeking boýunça üç günlük okuwlar tamamlandy.
05.04.2024
10515
Türkmen taryhynyň ajaýyp şahsyýetleri barada kitap çapdan çykdy
«Ylym» neşirýadynda «Milletiň genji-hazynasy» atly makalalaryň ýygyndysy çapdan çykdy. Ol türkmen taryhynyň ajaýyp şahsyýetleri barada gürrüň berýän makalalary özünde jemleýär.
05.04.2024
6253
Suhan Tüýliýewiň aýdym-saz eserlerinde Magtymguly
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Тürkmen binasy» atly konsert geçirildi.
05.04.2024
6654
Bäsleşigiň netijeleri jemlendi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guralan «Guşlar – tebigatyň bezegi» atly bäsleşige çagalaryň suratlarynyň sergisi hödürlendi. Sergi aprel aýynyň 10-na çenli dowam edýär.
05.04.2024
5086
Daşoguz welaýatynda pagta ekişiniň depgini ösýär
Ýer we howa şertleri sebäpli bu ýerde ekiş ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda giç başlanandygyna garamazdan, jogapkärli ekiş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak bilen, daýhanlar ony wagtynda tamamlamagy maksat edinýärler.