10.03.2022
10107
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň abadançylygy döwletimiziň aladasydyr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanda bilimi we ylmy kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, bu möhüm ulgamlary halkara ölçegleriň derejesine çykarmak, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.
10.03.2022
7567
Täze tehnologiýalar - saýlaw bölümçelerinde
12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlar üçin üç ýüzden gowrak saýlaw bölümçesi dezinfeksiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa saýlawa gatnaşýanlaryň ýokançlyklaryň ýaýramagyndan goralmagyny üpjün eder.
10.03.2022
6369
Agaçlaryň we gülleriň ýaz ekişine taýýarlyk görülýär
Şu günler Daşoguz şäherinde şäher çäklerini arassalamak we abadanlaşdyrmak boýunça ýerli kärhananyň hünärmenleri agaç nahallaryny ekmek üçin, toprak taýýarlygyny geçirýärler.
10.03.2022
11740
Mary welaýat kitaphanasynyň döredilenine 110 ýyl boldy
1912-nji ýylda Merw uýezd kitaphanasynyň binýadynda Mary welaýat kitaphansy döredildi. Onuň döredilenine şu ýyl 110 ýyl dolýar.
10.03.2022
6000
Aşgabatda ýapon keramikasynyň sergisi geçirilýär
Aşgabatdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ýakisime» ýapon keramikasynyň sergisi açyldy.
09.03.2022
5145
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsleşik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.
09.03.2022
10632
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran binany hususylaşdyrmak tabşyryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak, olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.
09.03.2022
11637
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Tatneft» AGPJ bilen goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna Goturdepe nebitgaz ýatagynda şol şertnama laýyklykda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.
09.03.2022
7175
Ylmy işläp taýýarlamalar – önümçilige
Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde ýaglaryň çalgy, motor, dizel, senagat we beýleki görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.
09.03.2022
229880
Adam ady – halkyň taryhy we medeni mirasy
Türkmen halkynda adam atlary mazmuny, gelip çykyşy we manysy boýunça birmeňzeş däldir, olaryň döremegi bilen baglanşylykly rowaýatlardyr etnografik däpler dürli-dürlüdir.