03.02.2022
11645
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda Permany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
03.02.2022
9312
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän pagta çigidiniň bahasy bellenildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän we ministrligiň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryna ýerlenilýän pagta çigidiniň 1 (bir) tonnasynyň bahasy 1000 manat möçberinde bellenildi.
03.02.2022
8084
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
03.02.2022
8455
Teatrlara hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
03.02.2022
7357
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek N.Amannepesowyň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň Hytaý Halk Respublikasyna boljak iş sapary bilen bagly 2022-nji ýylyň 4 — 9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol toparyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýüklenildi.
03.02.2022
5737
Ulag goşundylarynyň birbada ikisi ornaşdyryldy
Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglary sanly tehnologiýalary ulanmagyň çägini giňeldýär.
03.02.2022
61846
«Belet film» hyzmatynyň ýazylyşyk mümkinçiligini ösdürdi
«Belet film» hyzmaty multimediýa hyzmatyndan peýdalanýanlara fimleriň, seraiallaryň, multiplikasion filmleriň ýokary tizlikdäki uly sanawyny hödürleýär. Film ýygyndysynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar.
03.02.2022
7935
Döwrebap tehnikadan peýdalanýarlar
«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň suw desgalaryny arassalamak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar toplumynyň esasyny ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar düzýär. Olaryň arasynda dünýä belli «IHC Beaver» kysymly on sany läbik sorujy enjamlar bar.
03.02.2022
5727
Türkmenistan we Ermenistan: sazlaryň birleşmegi
Ýakynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky degişli güwanamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
03.02.2022
12143
Hormatly Prezidentimiz Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy.