21.12.2021
6429
Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy
BMG-niň Taslama boýunça müdürligi (ÝUNOPS) «Türkmenistana lukmançylyk enjamlaryny ibermek arkaly saglygy goraýşy gowulandyrmak» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyza Ýaponiýanyň Hökümetinden lukmançylyk enjamlarynyň birinji tapgyry gelip gowuşdy.
21.12.2021
8700
Döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi dolandyryş, durmuş we telekeçilik işlerine sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
21.12.2021
7490
«Altyn asyryň» futbolçylaryna çempionatyň Kubogy gowşuryldy
Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylaryna 2021-nji ýylyň milli birinjiliginde gazanan ýeňşi üçin çempionatyň Kubogy we altyn medallary gowşuryldy.
21.12.2021
12186
Baş drama teatrynyň sahnasynda «Hindi rowaýaty»
Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Baş drama teatry «Hindi rowaýaty» spektakly bilen teatr möwsümini açdy.
21.12.2021
7115
Türkmenistanyň talyplary Halkara olimpiadada ýokary netije görkezdiler
D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary rus dili boýunça açyk Halkara talyp internet-olimpiadasynyň ýeňijileri boldular.
21.12.2021
4561
Täze ýyl baýramyna zähmet sowgady
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki önümçilik kärhanalary nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda möhüm işleri alyp barýarlar.
21.12.2021
3642
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, şu gün Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi.
21.12.2021
14060
Türkmenistanyň Kanuny aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda
Şu Kanun aw awlamak we aw baýlyklaryny gorap saklamak, dikeltmek, köpeltmek we durnukly peýdalanmak babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
20.12.2021
6397
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
20.12.2021
10852
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaorazow Rahman Pirliýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.