05.11.2021
10914
Hazaryň ganatly myhmanlary
Hazaryň türkmen kenarynda her ýyl on bäş müňe golaý gyzylinjik gyşlaýar.
05.11.2021
9027
Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň mejlisinde
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň 3-4-nji noýabrda onlaýn formatda geçirilen Parlament Assambleýasynyň 19-njy güýz mejlisine gatnaşdy.
05.11.2021
13333
Türkmenistandaky täze binalar barada wideo bäsleşigi
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti isleg bildirýänleri şu ýyl gurlan binagärlik desgalary hakynda iň gowy film ýa-da wideorolik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
05.11.2021
8722
Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmaga möhüm goşant
Şenbe güni geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasynda ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallaryny ekmek göz tutulýar, onuň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylgy hem-de klimatyň üýtgemeginiň netijelerini pesetmek boýunça ähmiýeti uludyr. BMG-niň bilermenleri, şol sanda Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tokaýlarynyň ýagdaýyna birinji sebit synynda hem tebigy tokaýlaryň hem-de emeli baglaryň tebigy ekoulgamlaryň zaýalanmagynyň öňüni almakda we klimatyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ähmiýetini belleýärler.
04.11.2021
8057
Söwda-senagat edarasynyň başlygyna, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygyna käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Rejepow Döwletgeldi Jumadurdyýewiçe käýinç yglan edildi.
04.11.2021
6816
Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
04.11.2021
6091
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
04.11.2021
8622
Futbol boýunça (U-23) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022 gatnaşjak toparlar belli boldy
Wýetnamyň, Saud Arabystanynyň we Täjigistanyň toparlary (23 ýaşa çenli) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga gazandylar. Ozal habar berlişi ýaly, oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek gatanşýar. Bu «D» we «I» toparlardaky jemleýji oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy. Şonda Wýetnam Mýanmany 1:0, Saud Arabystany bolsa Bangladeşi 3:0 hasabynda ýeňdi.
04.11.2021
22401
Daňatar Öwezow: türkmen kompozisiýa halypasynyň hasyl bolan arzuwlary
1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülk-Ýusup obasynda bir çaga dünýä indi, oňa Daňatar diýip at dakdylar. Şol mahal bu çaganyň kalbynda aýdym-sazyň ýaşaýandygy hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Sekiz ýaşa baranda, Daňatar atadan galany sebäpli, uýalary Ogulgerek hem Amansoltan bilen agasynyň öýüne göçdi. Daňataryň agasy Allamerdan ökde tüýdükçi bolansoň, köplenç agşamlaryna onuň öýünde dutar, gyjak, tüýdük sesleri ýaňlanardy. Zehinli oglan üçin bu özboluşly bir aýdym-saz mekdebi boldy.
04.11.2021
16446
Türkmen konditerleriniň önümleri Almatydaky sergide
«Balam» türkmen hususy kärhanasy Merkezi Aziýanyň 23-nji «FoodExpo Qazaqstan 2021» halkara sergisine konditer önümleriniň dürli görnüşini hödürledi. Almaty şäheriniň «Atekent» sergi merkezinde açylan sergä dünýäniň 36 ýurdundan 450-den gowrak kärhnalar gatnaşýar. Olar öz önümlerini bölümlerdäki iýmit we içgiler, tehnologiýalar, çörek bişirme we konditer senagaty, komponentler atly stendlerde görkezerler. Uly göwrümli bu forum 5-nji noýabra çenli dowam eder.