03.10.2021
7752
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.
03.10.2021
3818
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Size Moldowa Respublikasynyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.
03.10.2021
9589
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
03.10.2021
7425
Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzi institutynyň gurluşyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek, şeýle hem Hazar deňzi institutynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hazar deňzi institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
03.10.2021
7031
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň we maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
02.10.2021
5071
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda maglumat alyşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça gatnaşyk etmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.
01.10.2021
6275
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
01.10.2021
14606
Müşderi sanawy uzaýar
Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl olaryň hataryna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Bu kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler. Çig mal biržasynda baglanyşylýan ähtnamalaryň şertlerine laýyklykda her ýyl fabrik özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Muňa şu ýerde öndürilýän önümiň ýokary hilli bolmagy we kollektiwiň şertnamalaýyn borçlaryny durnukly ýerine ýetirmegi itergi berýär, çünki dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda şu şertlere aýratyn gadyr goýulýar.
01.10.2021
16120
Türkmenistan «EKSPO-2020» sergisiniň açylyşyna gatnaşdy
Birleşen Arap Emirliklerinde «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
01.10.2021
18666
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikler geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.