05.06.2024
8037
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.
05.06.2024
4410
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Şu gün biz Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys.
05.06.2024
4185
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
05.06.2024
10426
Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.
05.06.2024
4711
Arassa energiýa geçmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir
Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.
05.06.2024
18920
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy.
05.06.2024
5555
Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
05.06.2024
17370
Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy.
05.06.2024
4415
Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary TESC-2024 Halkara ylmy-amaly maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary, howany goramak, täze tehnologiýalar we energetik geçişi üçin innowasiýalaryň ähmiýeti, Aşgabatda işläp başlan «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetler» (TESC-2024) atly Halkara ylmy-amaly maslahatyň ilkinji gününiň esasy temasy boldy.
05.06.2024
3545
Arkadag şäheriniň açylmagynyň birýyllyk senesi mynasybetli Aşgabatda kibersport boýunça ýaryş geçirildi
Arkadag şäheriniň açylmagynyň birýyllyk senesi mynasybetli Aşgabatda «Oguz hanyň Kibersport kubogy» ugrunda kibersport boýunça giň gerimli ýaryş geçirildi.