Hyzmatdaşlyk
15.08.2026
1064
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
14-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy we Pakistan döwletiniň düýbüni tutujy Muhammed Ali Jinnanyň 150 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde Pakistanyň lideriniň ömrüni we döwlet işini şöhlelendirýän sergi guraldy.
15.08.2026
1078
Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy dabaraly bellenildi
15-nji awgustda paýtagtymyzda Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
14.08.2026
902
Türkiýäniň ilçisiniň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli kabul edişlik dabarasy geçirildi
Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
12.08.2026
2539
Tähranda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
12.08.2026
2501
Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.
12.08.2026
2385
Türkmenistan iki halkyň abadançylygynyň hatyrasyna Owganystan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
12.08.2026
1887
Türkmenistan bilen Owganystan gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
12.08.2026
1204
Eýran Türkmenistanyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça möhüm başlangyjyna ýokary baha berdi
Hazar deňziniň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
12.08.2026
1223
Russiýa Aşgabat tarapyndan başy başlanan Hazar deňziniň ekologiýasyna bagyşlanan sammitde ylmy integrasiýa çagyrdy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
12.08.2026
1062
Owganystan Türkmenistan bilen TOPH taslamasyny ilerletmek üçin ýörite guraly döretmegi teklip etdi we hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi
Owgan tarapy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek maksady bilen iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýjak bilelikdäki guraly döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.