2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
M.Bäşimowa Ilçi Şener Jebejä diplomatik işinde üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk hem konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Syýasy-diplomatik dialogy we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara meýdançalaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny tassykladylar.