Jemgyýet
28.09.2025
4473
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
27.09.2025
4269
Serkerde şahyryň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanan dabara
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda şöhratly taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz üçin diňe bir görelde mekdebi bolman, eýsem, merdana pederlerimiziň şanly ýoluny dowam etdirmäge çagyryşdyr.
26.09.2025
3058
Iş kesilen 225 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsi geçildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde iş kesilen adamlaryň 225-siniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
26.09.2025
3459
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça halkara kadalary esasynda Türkmenistanda beýleki döwletleriň 142 raýatyna ýaşamak üçin ygtyýar berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň 142-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
25.09.2025
4028
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Tokio şäherinde ýerleşýän «Imperial» myhmanhanasynda Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
25.09.2025
4752
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy»
Türkmenistanda bir aýlap dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň dowamynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
25.09.2025
2113
Halkara Konwensiýa goşulmagyň çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy
24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň hünärmenleri üçin Ösümlikleriň karantini we goragy boýunça halkara Konwensiýanyň düzgünlerini düşündirmek babatynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
23.09.2025
5051
Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
Her ýylyň tylla güýzünde ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa türkmen Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär.
23.09.2025
4007
Türkmenistanly okuwçy «Dünýäniň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly Bütindünýä döredijilik festiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy
Moskwanyň Halkara söwda merkezinde Bütindünýä jemgyýetçilik assambleýasynyň çäklerinde «Dünýäniň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly Bütindünýä döredijilik festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
22.09.2025
4498
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gündizlerine maýyl, gijelerine salkyn
22 – 28-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda maýyl howa garaşylýar. Gijelerine howanyň temperaturasynyň +12 gradusa çenli peselmegi mümkin. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.