Jemgyýet
12.12.2024
5577
Arkadag şäheri Wenada ESQR Quality Choice Prize ýokary hil baýragyna mynasyp boldy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Arkadag şäheri ESQR – Hil seljeriş boýunça Ýewropa Jemgyýetiniň abraýly Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy.
11.12.2024
3945
Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy
Asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
11.12.2024
3979
Hazaryň biodürlüligi ekologlaryň üns merkezinde
Geçen hepdäniň dowamynda Britaniýanyň «Blue marine» guramasynyň wekilleri – Judit Braun we Laýnas Swolkinas Türkmenistanda boldular. Olar türkmen hünärmenlerine Hazar düwlenini, losos, bekre balyklaryny we deňiz suw guşlaryny hem-de kenar guşlaryny goramagyň usulyýetini teklip etdiler. Olaryň tanyşlyk sapary hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäklerinde guraldy.
11.12.2024
2752
«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlarynda mugt güýmenje ulgamy hödürlenýär
Halkara gatnawlary amala aşyrýan «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uly uçarlarynda mugt güýmenje ulgamyna giriş hyzmaty hödürlendi. Täze hyzmat syýahatçylar üçin uzak uçuşlary has amatly we gyzykly etmek üçin döredildi.
09.12.2024
5485
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky 11-nji sany okyjylara ýetirildi.
09.12.2024
4789
Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi
Şu günler ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaralar şatlyk-şowhun bilen dowam edýär.
09.12.2024
2427
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda gurluşlaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa öz edarasynda BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) başlygy Jalpa Ratna bilen duşuşdy. Duşuşyk Adalatçynyň işleri bilen tanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirildi.
09.12.2024
2705
Türkmenistanyň wekiliýeti «#BIZBIRLIKDE» atly halkara foruma gatnaşdy
Dekabr aýynyň 5 – 7-sinde Moskwada raýat gatnaşykly «#BIZBIRLIKDE» atly halkara forum bolup geçdi. Forumyň 2024-nji ýylda öňe sürýän esasy pikiri – «Döwrüň kynçylyklarynyň öňünde «#BIZBIRLIKDE durýarys» diýmekdir.
07.12.2024
29324
«Hakyda göwheri» kitaby ýaşlara milli mirasyň gymmatlyklaryny açyp görkezýär
Ýurdumyzda ýaşlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň mazmuny we ähmiýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreler geçirilýär.
06.12.2024
5924
“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy.