Ï Türkmenistan Çaga hukuklaryna gözegçilik etmek üçin maglumat ýygnamak ulgamyny güýçlendirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Çaga hukuklaryna gözegçilik etmek üçin maglumat ýygnamak ulgamyny güýçlendirýär

view-icon 1598
Türkmenistan Çaga hukuklaryna gözegçilik etmek üçin maglumat ýygnamak ulgamyny güýçlendirýär

BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde çaga hukuklary babatynda syýasaty işläp düzmekde maglumatlary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça iki hepdelik okuw geçirdi.

«Döwlet dolandyryşy üçin mümkinçilikleri güýçlendirmek: çaga hukuklaryna gözegçilik etmek, baha bermek we seljermek» atly okuwyň maksady karar kabul edýän esasy şahslara, şol sanda parlamentiň, ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy toparlaryň wekillerine çaga bilen baglanyşykly maglumatlary seljermek hem ulanmak endiklerini öwretmek boldy.

Häzirki zamanda dünýäde sanlar diňe hasabatlardaky görkezijiler däldir, olar durmuşy üýtgedýär. Çaga hukuklaryny goramak we öňe sürmek barada gürrüň edilende, maglumatlar diňe bir möhüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem, wajypdyrlar. Şonuň üçin-de maglumatlara düşünmek we olary netijeli ulanmak çagalary, hakykatdanam, goraýan we goldaýan syýasaty döretmegiň açarydyr. Hut şonuň üçin-de ýöriteleşdirilen okuwlaryň tapgyry guraldy.

Türkmenistan çagalaryň bähbidi üçin berk subutnamalar esasynda syýasat gurmaga ünsi jemläp, maglumat ýygnamak ulgamyny güýçlendirýär. Çaga hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça milli hereket meýilnamasy (2023 – 2028) maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, çaga hukuklaryna gözegçiligi we baha beriş babatynda milli ukyby güýçlendirmäge ünsi jemleýär.

Türkmenistan maglumatlar we baha beriş babatynda milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek bilen, her bir çaganyň hukuklarynyň doly durmuşa geçiriljek geljegi üçin esas döredýär. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bu okuwlaryň Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak we maglumatlary ulanmak arkaly alyp barýan işlerine netijeli goldaw berýändigini aýtdy.