Medeniýet
11.05.2023
5808
Aşgabadyň afişasy: italiýaly fotosuratçylaryň işleriniň sergisi we teatr oýunlary
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi «Italiýa: Manzarlar. Keşpler we zähmet. Alinarilerden häzirkizaman fotosurat ussatlaryna çenli» atly sergä çagyrýar. Italiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň guran sergisi 30-njy maýa çenli dowam edýär.
10.05.2023
7086
Türkmen bagşylarynyň bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalynda gazanan ýeňşi
Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäherinde geçirilen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna 30-dan gowrak ýurtdan sazandalar we aýdymçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bardy.
08.05.2023
7116
10 ýyldan soňky döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň 17 uçurymy okuwy tamamlandan 10 ýyldan soň duşuşdylar.
07.05.2023
7283
Sazçylyk mekdepleriň uçurumlary öz hünäri boýunça bäsleşdiler
Ýurdumyzyň 7 sany sazçylyk mekdepleriniň (Aşgabat şäherinden we 5 welaýatyň, şeýle hem TMK-niň ýanyndaky sazçylyk mekdebiniň) 99 talyp-uçurumlary pianistler, wokalistler, dutarçylar, bagşylar, dirižýorlar, aýdym-sazçylyk mugallymlary we beýleki hünärleriň arasynda döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar.
05.05.2023
6051
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylar festiwaly täze zehinleri açýar
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwalynyň çäklerinde M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda sazandanyň hatyrasyna gitara sazlary konserti geçirildi.
04.05.2023
6694
Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasy işleriniň sergisi
Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasynyň işleriniň sergisi paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň tutuş ikinji gatyny doldurdy. Serginiň açylmagynyň özboluşly sebäbi bar: şu ýyl maşgalabaşy, keramikaçy Baýram Annagulyýew 55, onuň aýaly, keramikaçy Bahar Annagulyýewa 50 ýaşady.
04.05.2023
7842
Paýtagtymyzda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly öz işine başlandy
Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň goldamagynda türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň mynasybetli «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly başlady.
03.05.2023
5405
Talyplaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy barha artýar
Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň uçurumlary tomaşaçylara her ýylky hasabat konsertini hödürledi. Konsertde nusgawy eserlerden başlap, häzirki zaman kompozisiýalaryna çenli dürli görnüşdäki eserleriň toplumy ýaňlandy.
02.05.2023
4749
Türkmen kompozitorlarynyň «Bahar ylhamy» festiwaly
Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda türkmen kompozitorlarynyň sazlarynyň festiwalyny açyldy. Onuň açylyş dabarasynda konserwatoriýanyň rektory Resul Amangeldiýew ýygnananlary döredijilik çäresi bilen gutlady we festiwala işjeň gatnaşandyklary üçin tapawutlanan kompozitorlara Hormat hatlaryny gowşurdy.
01.05.2023
56873
Alymlar Magtymgulynyň Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täze taryhy maglumatlary gözleýärler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy işlerinden biri, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly seýrek duş gelýan gadymy golýazmalary gözlemekden, şeýle-de medeni mirasy öwrenmek we ýaýratmakdan ybaratdyr.