Medeniýet
29.04.2023
5748
Türkmen-russsiýa teatr dostlugy: Aşgabatda bilim taslamasynyň netijeleri jemlenildi
Ugurdaş bilim programmasy Aşgabatda «Milli teatr mekdebi» bilim taslamasynyň rezidensiýasynyň şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.
29.04.2023
6206
Jaz aýdym-saz muşdaklarynyň ýüreginde orun tutýar
Bütindünýä jaz güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow we jaz orkestriniň sazandalary çykyş etdiler.
28.04.2023
3986
Kongresiň kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň medeni mirasynyň goranyp saklanmagyna ýardam berýärler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty degişli halkara guramalar we düzümler, dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen medeni mirasy gorap saklamak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
27.04.2023
4889
Türkmenistanda «Milli teatr mekdebi» taslamasynyň halkara rezidensiýasy açyldy
26-njy aprelde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ýurdumyzyň artistleriniň Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet sahna sungaty institutynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
27.04.2023
4196
Bagtyýar ýaşlar täze spektaklda
Şu günlerde Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar.
25.04.2023
5803
Daşoguzyň teatrynda täze spektakl taýýarlanylýar
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda teatryň režissiýory Guwanç Baýmedow Aşyr Mämiliýewiň «Älemgoşarly tomus» atly eseri esasynda täze spektaklyň üstünde işleýär.
25.04.2023
4697
Türkmen filmleri Koreýada geçiriljek Merkezi Aziýa filmleri festiwalynda gatnaşar
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň üç filmi - Arslan Eýeberdiewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmleri «2023-nji ýylda Yýjonbudaky Merkezi Aziýa filmleri festiwalyna» gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna iberildi.
25.04.2023
4788
Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Lýudmila Nabirkinanyň işleriniň şahsy sergisi açyldy.
23.04.2023
6422
Suratkeşiň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde suratkeş Aleksandr Kaşirskiýniň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy.
22.04.2023
6788
Aşgabatda dumanly Albionyň aýdym-sazlary ýaňlandy
Angliýadan dünýäniň çar künjegine ýaýran we köp ýurtlarda meşhur bolan geçen asyryň aýdym-sazlary Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda sentimental hem romantik äheňde ýaňlandy.