Medeniýet
19.04.2022
5715
Frans Ýozef Gaýdna bagyşlanan konsert
Şu ýyl dünýä halklary Wenanyň nusgawy saz mekdebiniň wekili, awstriýaly kompozitor Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belleýär.
18.04.2022
20449
Ahalteke bedewi – serginiň baş gahrymany
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän şekillendiriş eserleriniň bäsleşikli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşik şekillendiriş sungaty, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we dizaýn işleri boýunça geçirildi.
16.04.2022
10001
Nury Halmämmedow Jemile Gurbanowanyň monografiýasynda
M. Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa — iki monografiýanyň, konserwatoriýanyň we sazçylyk mekdepleriniň talyplary üçin üç okuw kitabynyň, şeýle-de türkmen halk sazlary hakynda segsenden gowrak ylmy makalalaryň awtorydyr. Onuň monogarfiýalaryndan biri ХХ asyryň beýik kompozitory N. Halmämmedowa bagyşylanypdyr.
15.04.2022
10168
Suraý Myradowa. Türkmenisrtanyň teatr sungatynda ajaýyp miras
Türkmen teatrynyň we kinosynyň ilkinji milli sahna ussatlarynyň biri Suraý Myradowa geçen ýüzýyllygyň başynda dünýä inýär. Onuň ykbaly Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň ilkinji tapgyrynyň köp sanly wekilleriniň durmuşy we ykbaly bilen köp babatda meňzeşdir.
13.04.2022
11450
Çagalar üçin göçme sergi gurnaldy
Türkmenbaşy şäheriniň ülkäni öwreniş we taryhy muzeýinň hünärmenleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň golaýynda ýerleşýän 28-nji çagalar bagyna gelenlerinde bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň şadyýan sesleri daş-töweregi gurşap aldy.
11.04.2022
12385
Ýürekden syzlyp dörän milli sazlar
Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi.
09.04.2022
7186
Uly bahar konserti
8-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň Uly zalynda konsert geçirildi.
09.04.2022
5156
Wiwaldiniň sazy astynda
Diýarymyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary aprel günlerinde şirin mukamlardan lezzet almak mümkinçiliklerini Daşoguz welaýatynyda ýerleşýän M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň döredijilik toparyndan peşgeş aldylar.
06.04.2022
9654
N.Halmämmedow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň sahnasynda
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçiriljek geljekki teatr möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Köňül tarlary» spektaklyny sahnalaşdyrmaga girişdiler.
03.04.2022
15612
Mäne Baba çeper-publisistik filmi düşürilýär
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär.