mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

02.04.2026

total-veiw

4529

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy.

news-photo

01.04.2026

total-veiw

4044

«Ýaş zehin» bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýaş zehinleri goldamak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň sazçylyk mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaş zehin» bäsleşigi guraldy. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 140-a golaý ýaş sazanda gatnaşyp, olar fortepiano, kirişli, kakylyp çalynýan we üflenip çalynýan saz gurallary, şeýle hem milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty, wokal we horeografiýa ýaly ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezdiler.

news-photo

01.04.2026

total-veiw

7292

Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar

Golaýlap gelýän dynç alyş günleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dürli medeni çäreler geçiriler. Şäherimiziň muzeýleri, konsert zallary we teatrlary ähli gyzyklanma bildirýänleri maşgala bolup dynç almaga çagyrýar.

news-photo

31.03.2026

total-veiw

6460

Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary tanyşdyryldy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy «Diplomatic Society Magazine» neşiri bilen bilelikde, bahar baýramlaryna hem-de 2026 – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabaraly çäre gurady.

news-photo

31.03.2026

total-veiw

3730

Owganystanyň Mazary-Şarif şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy.

news-photo

30.03.2026

total-veiw

3572

«Melodiýa» orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar

Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde 25-26-njy aprelde wiýolonçelçi Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň konserti bolar.

news-photo

29.03.2026

total-veiw

4673

Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär

Aşgabatda mart aýynyň 27 – 29-y aralygynda, «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär. Maksatnamany režissýor Igor Woloşiniň Alekseý Tolstoýyň meşhur maşgala çeper filmi bolan «Buratino» (2025) ertekisiniň täze düşürilen nusgasy açdy.

news-photo

28.03.2026

total-veiw

4560

Ýazyjylaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan maslahat we aýdym-sazly dabaralar

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda bagtyýar raýatlarymyz bilen geçirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda bedew batly ösüşlerimizi, türkmen dünýäsiniň ajaýyplyklaryny beýan edýän döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar zamananyň ruhy dünýäsiniň manyly mazmunyny emele getirýär.

news-photo

28.03.2026

total-veiw

3513

Medeniýetleriň dialogy: özbek komediýasy – türkmen sahnasynda

Özbek dramaturgy Sanjaraly Imamowyň «Super gaýyn ene» atly sazly komediýasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda birnäçe ýyl mundan ozal sahnalaşdyryldy, ýöne bu sahna oýny her gezek görkezilende, zal tomaşaçydan dolýar, bu bolsa bu adaty bolmadyk maşgala hekaýatyna bolan gyzyklanmanyň peselmeýändigini görkezýär.

news-photo

26.03.2026

total-veiw

4873

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Şu gün Da­şo­gu­zyň Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma teat­ryn­da ýur­du­my­zyň des­san­çy bag­şy­la­ry­nyň «Dün­ýä­de ýaň­lan­ýar ajap des­sa­nym, toý tut­ýar Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nym» at­ly fes­ti­wa­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, des­san­çy bag­şy­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

...362