Ï Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary tanyşdyryldy

view-icon 116
Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary tanyşdyryldy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy «Diplomatic Society Magazine» neşiri bilen bilelikde, bahar baýramlaryna hem-de 2026 – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabaraly çäre gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çärä 300-e golaý myhman, şol sanda diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Awstriýanyň işewür we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda ýylyň şygarynyň çuňňur manysyna aýratyn üns berildi. «Ganatly bedewiň» şekliniň däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň döredijilik energiýasyny hem-de ýurduň parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy bellenildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý medeniýetini açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky kitaplar, haly sungatynyň nusgalary hem-de milli lybaslar görkezildi. Myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlenildi, dutarda ýerine ýetirilen halk sazlary bolsa dabaranyň baýramçylyk mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.