Medeniýet
30.10.2024
4898
Moskwada «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Russiýanyň Paşkow öýündäki döwlet kitaphanasynyň nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan garyşyk görnüşli «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
29.10.2024
5498
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.
29.10.2024
4646
Aşgabatda «Ermenifilm» kinostudiýasynyň ajaýyp işleri görkezilýär
Paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/88956/v-ashhabade-prohodyat-dni-kultury-respubliki-armeniya «Ermenifilm» kinostudiýasynyň altyn gaznasyna girýän filmler we multfilmler görkezilýär.
29.10.2024
5481
Malaýziýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan halkara medeni çäre guraldy.
28.10.2024
5847
Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
28.10.2024
4644
Orkestriň sazandalary synagdan üstünlikli geçdiler
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirilen ýaş ýerine ýetirijiler festiwalynyň çäklerinde Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň konserti boldy.
28.10.2024
3801
«Diňe bir saz bar» atly bäsleşikde ikinji ýeri ildeşimiz gazandy
Kompozitor, saz öwreniji we galamgär Aýna Şirowa meşhur sazanda Dmitriý Simonowyň hatyrasyna guralan «Diňe bir saz bar» atly halkara bäsleşikde ikinji ýeri eýeledi.
25.10.2024
6406
Pakistan Yslam Respublikasynyň Allama Iqbal Open uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň» burçy açyldy
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Pakistanyň parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilelikde Pakistan Yslam Respublikasynyň Allama Iqbal Open uniwersitetinde «Gündogar paýhasynyň nusgawy şahyrlary: Magtymguly Pyragynyň we Allama Ykbalyň intellektual mirasy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guradylar.
25.10.2024
3354
Suratçy Wýaçeslaw Sarkisýan altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanyň surata düşürmek sungatyny söýüjileri we hünärmenleri tanymal fotosuratkeş, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) suratçysynyň sebit we dünýä boýunça dürli bäsleşikleriň ýeňijisi we baýrak eýesi bolmagyny eýýäm adaty zat diýip kabul edýärler.
25.10.2024
8422
Alabaý hakda suratly hekaýalar
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde «Alabaý – wepaly dost we ýaran» atly çekilen, reňksiz we fotosuratlaryň sergisi açyldy.