Ï Ahalteke bedewleri – umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleri – umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy

view-icon 87
Ahalteke bedewleri – umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmeniň atçylyk sungaty toplumlaýyn häsiýeti bilen özboluşly usullary özünde jemleýän seýisçilik we çapyksuwarlyk mekdebidir. Bu sungatyň bütin dünýäde at-owazasynyň ýaýramagy we biziň günlerimize gelip ýetmegi geçmişde ata-babalarymyzyň ynsan kimin üşükli, eýesine wepaly, ýyndamlykda meşhurlyga eýe bolan ýüwrük atlary ýetişdirmek bilen birlikde, olaryň tohum häsiýetini gowulandyrmaga aýratyn üns berendiginiň netijesidir. Häzirki bagtyýarlyk döwründe bolsa, ýörände seýkin basýan, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-dabaralarymyzyň bezegi, halkymyzyň milli buýsanjy, uçar ganatydyr.

Örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynda ýüze çykýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň alymlary, ýazyjylary — Gerodotyň, Strabonyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofondyň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär» diýip, jaýdar belleýär. Göreni haýran edýän türkmeniň tohum atlarynyň waspy häzirki döwürde hem daşary ýurtly alymlar tarapyndan buýsançly beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan at süňkleri we beýleki tapyndylar Watanymyzyň dünýäde ilkinji atlaryň eldekileşdirilen, tohumynyň kämilleşdirilen mekanydygyna şaýatlyk edýär.

Ahalteke atlary häzirki zaman taryhynda telim gezek birnäçe günlük ýörişlere we çapyşyklara gatnaşdylar. Bu atlar bilen iň meşhur ýöriş, 1935-nji ýylda Aşgabat – Moskwa aralygynda geçirildi. Bu aralyk 84 günde geçilipdir, üstesine-de, atlylar Garagum sähralygyny durman diýen ýaly çapyp, üç günde külterläpdirler. Ähli atlar sag-salamat Moskwa çenli baryp ýetipdirler. Bu çapyşygyň ýeňijisi mele reňkli Tarlan diýen at bolupdyr.

Ahalteke atlary seçgi boýunça hünärmenleriň köp nesilleriniň zähmetiniň netijesidir, gadymyýetiň atlary ösdürip ýetişdirmekdäki bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. XIX asyrda Orta Aziýa syýahat eden Arminiý Wamberi «Bu gözel atlar ähli sarp eden wagtyňa degýär. At ähli zatdan belentde durýar» diýip, belläpdir.

Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Isgender Zülkarneýniň döwründäki taryhçylar Türkmenistanyň häzirki çäklerindäki atlary «daň şapagyna» meňzedipdirler. Rus ippology Wladimir Wittiň sözlerine görä: «Ahalteke atlary dünýäniň atçylyk medeniýetiniň altyn hazynasydyr, arassa ganly münülýän atlaryň mirasydyr». Biziň ata-babalarymyz bu ajaýyp tohumy nesilden-nesle miras geçirip, onuň ähli aýratynlyklaryny tämiz saklapdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalardyr. Bu kitaplarda gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna, halkymyzyň abraý-mertebesini arşa götermekde türkmen bedewleriniň tutýan ornuna degişli gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri dünýä gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda nobatdaky möhüm sahypany açdy. Bu şygarda halkymyzyň baý milli mirasyna ygrarlylygy, täze taryhy döwürde Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar.