Resmi
17.08.2026
9084
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatmaly.
17.08.2026
8996
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine bellemeli.
16.08.2026
7920
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
19.07.2026
14297
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
15.07.2026
15087
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
15.07.2026
14516
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
10.07.2026
15794
G.G.GARLYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
14669
B.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Berdimyrat Amanowy «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
14515
ŞAMYRADOW A.A. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Şamyradow Atageldi Aşyrowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
14253
G.Ş.MYRADALYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Gurbanmyrat Şyhmyradowiç Myradalyýewi Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen belläp, ony Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.