Ï D. Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert, «Hytaý sungatynda atlar» atly sergi we beýleki medeni çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

D. Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert, «Hytaý sungatynda atlar» atly sergi we beýleki medeni çäreler

view-icon 99
D. Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert, «Hytaý sungatynda atlar» atly sergi we beýleki medeni çäreler

Ýakyn günlerde paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler şäheriň her bir ýaşaýjysyna we myhmanlara dynç alyş günlerini gyzykly we täsirli geçirmäge mümkinçilik berer.

Lebap welaýatynda Hindistanyň Maglumat we radioýaýlymlar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hindi kinosynyň festiwaly geçirilýär. Maksatnama Bolliwudyň «Gaçyrylmadyk gelin», «Dangal», «Hindistan, öňe!», «Ingliş-wingliş» we «83» ýaly belli filmlerini öz içine alýar. Filmler Türkmenabat şäheriniň Medeniýet köşgünde görkezilýär. Festiwal 13-nji noýabra çenli dowam eder.

14-nji noýabrda sagat 18:30-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Dmitriý Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan sazly agşam geçiriler. Diňleýjiler Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän kirişli saz gurallary orkestri tarapyndan partituralaryň täzeçe ýerine ýetirilişinden lezzet alarlar. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimir Mkrtumow we Aýna Seýitgulyýewa, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Stella Faramazowa we ýaş sazandalar çykyş ederler. Giriş tölegsiz.

13 – 18-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Müňýyllygyň behişdi bedewleri: Hytaý sungatynda atlar» sergisi geçiriler. Bu çäre Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni alyş-çalşa bagyşlanýar we müňýyllyk Ýüpek ýolunyň simwolikasy arkaly ýurtlary birleşdirýär. Bu çäräniň çäginde Sinszýan we Gonkong sebitleriniň gatnaşmagynda taýýarlanyp, sungatda atlaryň keşbini beýan edýän eserler görkeziler.

13-nji noýabrda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde elektron sazy we simfonik orkestri birleşdirýän «Simfoniýa depginleri» atly konsert bolar. Dirižýor Guwanç Saparalyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar häzirki zaman däbinde belli kompozisiýalary ýerine ýetirer.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylary sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

14.11.2026: «Hak aşyklar» – 19.00;

15.11.2026: «Oýun bir, maza iki» – 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

14.11.2026: «Ykbal öwrümleri» – 19:00;

15.11.2026: «Bir ojakda iki dünýä» – 19:00.

A.S.Pușkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

14.11.2026: «Колобок» – 12:00;

14.11.2026: «Дружба народов» – 19:00;

15.11.2026: «Золушка» – 11:00; 13:00;

15.11.2026: «Осенний вальс» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

14.11.2026: «Şadyýan sazandalar» – 17:00;

14.11.2026: «Çagaly öý bazar» – 19:00;

15.11.2026: «Dostlar» – 12:00; 17:00;

15.11.2026: «Jüýteniň toýy» – 19:00.

Teatr maksatnamasynda üýtgetmeler bolup biler. Teatra barmazdan ozal, kassalarda hakyky tertibi anyklamagy maslahat berýäris.