Sport
31.10.2026
2006
Türkmen topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, möhüm utuk gazandy. Duşuşyk eýran toparynyň öz meýdançasyndaky oýunlaryny geçirmäge mejbur bolýan Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi.
31.10.2026
3193
Aşgabatda ýaş we uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda konkur ýaryşlary geçirildi
Aşgabat şäherindäki atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde ýaş hem-de tejribeli çapyksuwarlary bir ýere jemlän konkur ýaryşlary geçirildi. Bäsleşige jemi 20 türgen: 9 sany ýaş çapyksuwar we 11 sany uly ýaşly ussat gatnaşdy.
29.10.2026
3130
«Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky çykyşyny Liwanyň 16 gezek çempionyny ýeňmek bilen tamamlady
Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» toparynyň futbolçylary 2026/27-nji ýyl möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygynda Liwanyň häzirki çempiony «Al-Ansar» toparyny 2:1 hasabynda utdy.
28.10.2026
3312
Fransuz institutynda küşt duşuşyklarynyň täze möwsümi başlanýar
Aşgabat şäherindäki Fransuz instituty Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde küşt klubynyň işiniň täzeden ýola goýulýandygyny yglan etdi.
27.10.2026
3972
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä ýaryşynda
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Hytaýyň Ninbo şäherinde badalga alýan agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan on türgen çykyş eder.
22.10.2026
5202
Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar
Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy Wýetnamyň deňiz porty bolan Fantýet şäherinde badalga alan Billie Jean King Kubogy ugrundaky sebitleýin ýaryşynda Täjigistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
20.10.2026
5928
Küşt ussatlary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçiriler.
19.10.2026
5526
«Ahal» topary Butanyň «Paro» topary bilen utuklary paýlaşdy
Türkmen futbolçylary «Ahal» toparynyň düzüminde Butanyň «Paro» topary bilen Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wise-çempiony iki gol tapawudy bilen öňde barýandygyna garamazdan, 90-njy minutda öz derwezesine geçirilen gol sebäpli ýeňşi elden gidirdi.
18.10.2026
4826
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň paýtagty Nagoýada V Aziýa Para oýunlary geçiriler. Bu uly möçberli sport çäresiniň açylyş dabarasy ýekşenbe güni «Paloma Mizuho» stadionynda bolar.
17.10.2026
4503
Türkmenistanda XVI Uniwersiada we Spartakiadalar badalga aldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýene-de bir gezek şanly sport wakalarynyň merkezine öwrülip, XVI talyplar Uniwersiadasynyň, şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän Spartakiadalaryň dabaraly açylyşyny kabul etdi.