Sport
25.08.2023
10105
AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi
Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublar arasyndaky esasy futbol ýaryşynyň 42-nji we «AFK Çempionlar ligasy» atlandyrylýan 21-nji oýun üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen bije atyşlygynyň netijesinde, Özbegistanyň «Pakhtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Fayha» we BAE-niň «Al-Ain» toparlary Türkmenistanyň «Ahal» toparyna bäsdeş bolup çykdy.
23.08.2023
7821
«Merw» ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy
«Merw» futbol topary AFK-nyň «playoff» tapgyrynda Täjigistanyň «Hujant» toparyny 2:1 hasabynda utup, bu bäsleşigiň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
18.08.2023
10090
«Sagdyn bedende — sagdyn ruh»: Türkmenistanyň sport mekdebi çagalary okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi saglygyny gowulandyrmak we Milli sport hereketine goşulmak isleýänleriň okuwa alynýandygyny yglan etdi. Kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-25-nji awgusty aralygynda geçiriler.
16.08.2023
7975
«Merw» Gyrgyzystanyň «Alaý» toparyny utup, AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşyň «playoff» tapgyryna çykdy
«Merw» futbol toparynyň oýunçylary AFK Kubogy ugrunda ýaryşyň deslapky tapgyrynda Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Alaýyny» 1:0 hasabynda utup, ýaryşyň «playoff» tapgyryna çykmagy başardylar. Duşuşygyň 13-nji minudynda Musa Nurnazarow ýeňiş pökgüsini tora girizdi.
16.08.2023
8930
Türkmenistanda Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi.
09.08.2023
11349
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Aktauda geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynyň 2-nji tagtasynda kümüş medal gazandy
Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narymanow Aktauda (Gazagystan) mekdep toparlarynyň arasynda geçen küşt boýunça dünýä çempionatynda şahsy bäsleşikde kümüş medal gazandy.
07.08.2023
8421
Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary bolar
Awgust aýynyň 8-10-y aralygynda Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) wekiliýeti 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek guşak göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatyna görlen taýýarlyk bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geler.
05.08.2023
7396
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentdäki Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar
Türkmenistanyň üç adamdan ybarat wekiliýeti Daşkentde geçiriljek ilkinji Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar.
04.08.2023
8505
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hindistanda geçirilen Ýaşlar we ýetginjekler Aziýa çempionatynda 25 medal gazandylar
Ýaşlaryň (17 ýaşa çenli) we ýetginjekleriň (20 ýaşa çenli) arasynda Delide (Hindistan) geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary 10 sany altyn, 9 sany kümüş we 6 sany bürünç, jemi 25 medal gazandylar.
30.07.2023
7105
Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynda Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Gyrgyzystanyň toparyndan üstün çykdy
Duşanbede dowam edýän CAFA Futsal kubogy-2023 ýaryşynda Türkmenistanyň topary ikinji ýeňşini gazandy we Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 2:0 hasap bilen üstün çykdy.