Sport
29.07.2023
6211
Türkmenistanly türgenler Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň türgenleri Çendu şäherinde açylan 31-nji Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň dolandyryş merkezi Dunanhu sport seýilgähindäki stadionda bolup geçdi.
28.07.2023
7276
Ussat türgenlere belent sarpa
Berkarar döwletimiziň ähli künjeginde häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň, stadionlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi zehinli ýaş türgenleriň ýüze çykmagyna, sportuň ähli görnüşiniň ösmegine, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş etmeklerine giň şertler döredýär. Türkmen türgenleri bolsa, halkara derejesindäki dürli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanyp, Ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Şonuň bilen birlikde halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeler gazanan, türkmen sportunyň şanyny arşa göteren ussat türgenler döwletimiz tarapyndan aýratyn aladalar bilen gurşalyp alynýar.
27.07.2023
9363
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbol boýunça 2026-njy ýyl dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy
Eýranyň, Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary, şeýle hem Gonkong we Butan toparlarynyň arasyndaky ilkinji saýlama ýaryşynyň ýeňijisi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary bilen bäsleşer. Bu ýaryşyň jemleýji bölümi ilkinji gezek üç ýurtda: ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Şu gün Kuala-Lumpurda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň edarasynda geçirilen bije atyşlygyň netijesine laýyklykda, bu ýygyndylar «E» toparyny emele getirdiler.
24.07.2023
7525
Türkmenistanyň ýygyndy topary CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynyň başynda Aziýanyň 12 gezek çempionyny utup, ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň topary Täjigistanyň paýtagtynda başlanan CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynda taryhda ilkinji gezek Eýranyň toparyny utmagy başardy.
17.07.2023
8124
Türkmenistanly pälwanlar Gazagystanda geçirilen guşak göreşi boýunça dünýä çempionatynda 11 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Astanada erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen XXI dünýä guşak göreş çempionatynda 11 medal gazandy.
15.07.2023
10409
Türkmenistanly küştçüler mekdep okuwçylarynyň arasynda Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna şowly başladylar
Mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynyň başy Türkmenistanyň küştçüleri üçin şowly boldy.
14.07.2023
6573
Türkmenistanly kuraş ussatlary Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar
Türkmenistanly türgenler Gyrgyzystanda geçirilýän halkara okuw-türgenleşik ýygnanşyklarynda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna taýýarlyga başladylar.
13.07.2023
5829
Gyrgyzystanda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda Türkmenistandan 6 ýaşly küştçi bürünç medal eýeledi
Türkmenistandan 6 ýaşly küştçi Begli Annagylyjow Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy.
07.07.2023
5557
Türkmenistanlylar “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşyna gatnaşýarlar
Türkmenistanly toparlar Kazanda başlanan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň 13-nji goýberilişine gatnaşýarlar.
04.07.2023
5410
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 14 tälimçä ITF Level 1 halkara derejeli ygtyýarnama berdi
Türkmenistandan 14 tälimçi başlangyç we orta derejeli oýunçylara tälim bermäge rugsat berýän ITF Level 1 halkara tennis derejesine mynasyp boldy.