Ykdysadyýet
07.12.2021
6114
Gämiler gurulýar, abatlanylýar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Geljegi uly bolan bu ösen häzirki zaman kärhanasy diňe bir Diýarymyz üçin däl, eýsem döwletara gatnaşyklaryny saklaýan dostlukly ýurtlara hem gämi gurluşyk ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş bolup hyzmat edýär.
07.12.2021
7386
Gaz pudagynyň ösüşi we eksporty
Şu ýylda dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi energiýa gorlarynyň sarp edilişiniň artmagyna sebäp boldy. Aziýada we Ýewropada gazyň bahasynyň galmagyna, şeýle hem ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak çärelerine garamazdan, öňdebaryjy seljeriş guramalary dünýäde gaz sarp edilişiniň orta we uzak wagtlap ep-esli ýokarlanjakdygyny çak edýärler.
06.12.2021
8145
Uçar we yşyklandyryjy kerosin daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
05.12.2021
5372
Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Milli kanunçylygy Bütindünýä söwda guramasynyň (World Trade Organization – WTO) talaplaryna laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeler Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň esasy temasy boldy.
04.12.2021
8455
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň 11 aýynda 6 göterimden geçdi
2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda eziz Diýarymyzyň jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.
02.12.2021
5032
Telekeçileriň zähmeti bilen
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda süýdi gaýtadan işlemäge we dürli görnüşli süýt önümlerini öndürmäge niýetlenen hususy kärhana gurulýar.
29.11.2021
6487
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
27.11.2021
15651
«Altyn asyr» Harytşynaslyk merkezine täze dokma önümleri geldi
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkeziniň harytlarynyň üsti «Gala», «Ýeniş», «Bedew», «ADT» ýaly belli söwda markaly täze önümler bilen dolduryldy.
27.11.2021
14396
Güýz hasyl ýygymy dowam edýär
Eziz Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda güýzlük ýeralma ýygymy dowam edýär. Bu ekini 450 gektar meýdana Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekin meýdanlaryndan şu ýylyň ikinji hasylynyň ýüzlerçe tonnasy ýygnaldy.
27.11.2021
4820
Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri – Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy
Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri we ÝHHG-na gatnaşýan döwletleriň energiýahyzmat kompaniýalarynyň (ESKO) öňdebaryhy tejribeleri –Aşgabatda geçirilen ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.