Ï Parižde Fransiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parižde Fransiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

view-icon 146
Parižde Fransiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Euronext Paris» kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (DHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň «Euronext» kompaniýasynyň döwlet syýasaty boýunça direktory, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakob Mihalik we haryt bazarlary boýunça ýolbaşçysy Robin Mezonýow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy DHÇMB-niň alyp barýan işleri, onuň ýurduň daşary söwdasyny ösdürmekdäki orny hem-de birža infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi. Taraplar elektron söwda ulgamlaryny kämilleşdirmek, birža amallarynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak we emeli aňy goşmak bilen, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda haryt bazarlaryny guramak, haryt fýuçersleri we opsionlary bilen söwda etmek, nyrh töwekgelçiliklerini dolandyrmak, şeýle hem maliýe önümleriniň emele gelen bazarlaryny düzgünleşdirmek boýunça Ýewropa tejribesini alyşmaga aýratyn üns berildi.

Şol gün Batyr Wolsahatowyň Fransiýanyň «Paris EUROPLACE» guramasynyň öňki baş direktory Arno de Bresson hem-de «ADIT» toparyna girýän «Next Step Influence» (NSI) fransuz agentliginiň uly geňeşçisi Olga Belo bilen hem duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda haryt-çig mal bazarlary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, fransuz we ýewropa kompaniýalaryny DHÇMB-niň söwdalaryna çekmek, şeýle hem häzirki zaman maliýe we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fransuz tarapy energetika, agrosenagat we maliýe ulgamlarynda iş alyp barýan Ýewropanyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, şeýle hem degişli ugurlar boýunça bilermenleri çekmäge ýardam bermäge taýýardygyny habar berdi.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar birža işiniň kämilleşdirilmegi we elektron söwda infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly ugurlarda hünär dialogyny hem-de tejribe alyşmagy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.