Ykdysadyýet
02.03.2021
4948
Ýurdumyzyň demirgazygynda kartoşka ekişine taýýarlyk görülýär
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda kartoşka ekmäge niýetlenen ýeriň üçden bir bölegine golaýynda hususy telekeçiler ekin ýetişdirerler. Munuň üçin olara «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan 350 gektar ýer bölünip berildi.
28.02.2021
4466
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
26.02.2021
3925
Tejribä daýanyp
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin dört müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler.
25.02.2021
4891
Ýyllaryň synagyndan geçen
Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginiň işgärleri öz işledýän enjamlarynyň ygtybarlydygyny, ýokary öndürijiliklidigini, hyzmatynyň ýeňildigini aýdýarlar. Muňa Ýaponiýanyň «Juki» firmasy bilen kyrk ýyllyk hyzmatdaşlyk esas berýär, erkek adamlaryň köýnegini çykarmak boýunça ýurdumyzda iň iri kärhananyň tikinçilik sehi bu firmanyň enjamlary bilen üpjün edilendir.
24.02.2021
3658
Tabşyryklar wagtynda ýerine ýetiriler
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar.
21.02.2021
3615
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
20.02.2021
27816
Garagum derýasynyň täze keşbi
Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň esasy gidrotehniki desgasynda emeli derýanyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Derýanyň aýagynda, Bereket şäheriniň töwereginde ýene bir suw howdany gurulýar. 18 million kub metre çenli suw saklamaga niýetlenen emeli howdan suwdan doldurylmaga taýýarlanylýar.
16.02.2021
5644
«Marytelekom» nyrhlary peseldýär
«Marytelekomyň» aragatnaşykçylary ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýakynda internetden peýdalanmaga nyrhnamalaryň peseldilmegi kommunikasiýa enjamlarynyň kuwwatlygyny güýçlendirmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalara düzediş girizmegi talap edýär diýip hasaplaýarlar.
15.02.2021
6124
Uly ähmiýetli ekin
Türkmenistanyň demirgazygynda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda arpa möhüm orun tutýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda arpa ekmek üçin bir müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň dörtden bir bölegi S. Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär, şeýle hem ony iri ýetişdiriji sebitler bolan Könürgenç we Akdepe etraplarynyň ekarançylary-da arpa ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.