mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

14.02.2021

total-veiw

7356

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy.


news-photo

12.02.2021

total-veiw

2873

Täze ugurlar boýunça uçarly ýük daşalýar

«Türkmenistan «Awiakompaniýa» AGPJ Boing 777-200 LR kysymly uçarda yzygiderli göni ýük daşalyşyny ýola goýýar. Ilkinji uçuş şu ýylyň 26-njy fewralynda amala aşyrylar. Ol Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyny arasynda hepdede bir gezek ýerine ýetiriler. Hepdäniň anna güni – Pekine, şenbe güni – Maýn boýundaky Frankfurta uçuşlar amala aşyrylar.

news-photo

09.02.2021

total-veiw

10943

Daýhan hojalyklarynda kartoşka ekilýär

Ýurdumyzyň ekarançylary kartoşka ekişine girişdiler. Bu ekin üçin hojalyklara mes torpakly ýerlerden birnäçe müň gektar meýdan bölünip berildi.  Lebap welaýatynyň hojalyklary amatly howa şertlerinden peýdalanyp, ilkinjileriň hatarynda ekişe başladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berişleri ýaly, Çärjew etrabyndan «Tebigy Ekin» daýhan hojalygy 420 gektardan gowrak, Dänew etrabyndan «Jadyly mukam» daýhan hojalygy 40 gektardan gowrak ýere kartoşka ekdiler. Saýat we Dänew etraplaryndan  telekeçiler Babamyrat Döwranow bilen Nurmyrat Nuryýew bu ýokumly ekin ekmek üçin kyrk gektar ýeri taýýar edip goýdular.

news-photo

08.02.2021

total-veiw

8637

Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary

Aşgabadyň çeper haly önümleri kärhanasynyň halyçylary ýanwar aýynda bir ýüz ýigrimi inedördül metr haly we haly önümlerini taýýarladylar. Paýtagtly halyçylar täze önümçilik kuwwatlyklaryny üstünlikli özleşdirýärler. Dik taralaryň ýigrimisinde 2,5 inedördül metrden 5 inedördül metre çenli düşeklik, on tarada bolsa – çeper pannolar, haly portretleri we manzarly halylar dokalýar. Taralaryň ýene ýedisi sowgatlyk haly önümleri üçin niýetlenendir.

news-photo

08.02.2021

total-veiw

3345

Türkmenistan-Owganystan energiýa köprüsini çekmegiň möhüm tapgyry geçildi

Gurluşykçylar güýji 220 kW Türkmensitan-Owganystan elektrik geçirijisiniň iň möhüm desgalarynyň birinde işleri tamamladylar.  Geljekki EGL tok berjek Mary DES-inde taslamanyň başlangyç nokady bolan açyk tok bölüji enjamy giňeltmek işleri tamamlandy. «TAP» kompaniýasy 260 kilometrlik ýokary woltly liniýanysyna maýa goýujydyr we onuň iş tabşyryjysydyr.

news-photo

07.02.2021

total-veiw

4830

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.

news-photo

05.02.2021

total-veiw

6203

Hususy kärhana önümlerini daşary bazarlara çykarýar

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda hususy düzümleriň arasynda ilkinjileriň biri bolup öz öndürýän önümlerini daşary bazarlara ugradyp başlady. Häzirki wagtda onuň hersi bäş gektar ýyladyşhanalarynyň ikisi bar. Olarda ýylda bir müň tonnadan gowrak  tagamly  pomidor ýetişdirilýär. Ýyladyşhanalar Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň  awtomatik usulda witaminlik önüm ýetişdirmek üçin zerur şertleri döredýän ýörütelelşdirieln enjamy bilen üpjün edilen. Ol ýylylyk we ýagtylyk, çyglylyk düzgünleriniň ýerine  ýetirilmegini hem-de topragy iýmitlendirmek işini üpjün edýär. Kompýuter programmasy ähli tehnologik işe gözegçilik edýär.  Taýýar önüm alyjylara ugradylmazdan ozal ýörüte laboratoriýada hil barlagyndan geçirilýär.

news-photo

05.02.2021

total-veiw

2952

Ahaldan Balkana çenli: halkalaýyn energetika ulgamynyň birinji tapgyry gurulýar

Ahalyň we Balkanyň, Balkanyň we Daşoguzyň elektrik ulgamlaryny birleşdirip, sebitleriň  ýgtybarly elektrik üpjünçilgine ýardam etjek aýlawly energetika ulgamynyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilýär. Uly möçberli taslamanyň birinji tapgyrynda potratçy guramalar «Gurtly» kiçi bekedinden başlap, Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezine çenli her gün demir-beton fundamentleriniň 36-40-syny guýýarlar we demir sütün gurnamalarynyň 15-sine golaýyny oturdýarlar.  Şol bir wagtda «Serdar-220» elektrik kiçi bekediniň gurluşygyna hem başlanyldy.

news-photo

03.02.2021

total-veiw

3110

Ýylgynagyz kanalyna – 10 ýyl

Şu gün Ýylgynagyz magistral suwaryş  kanalynyň işgärleri ilkinji ýubileýi – döwrebap tehnikalar we tehnologiýalar ulanylyp täzelenen özboluşly gidrotehniki desganyň 10 ýyllygyny bellediler. Amyderýänyň sag kenaryndaky uzynlygy 50 kilometr bolan maşyn kanaly 2011-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Desganyň işe girizilmeginiň dabarasynda çykyş edip, döwlet Baştutany bu döwrebap gidrotehniki desganyň Lebap we tutuş ýurt üçin uly ähmiýetini nygtady.

news-photo

03.02.2021

total-veiw

4102

Täze döwrebap aeroport -Watanymyzyň baýramyna sowgat

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde telekeçileriň tagallasy bilen gurlan köpugurly jemgyýetçilik-söwda merkeziniň täze desgalary işläp başlady. Täze toplumyň düzüminde azyk we senagat, hojalykda ulanylýan harytlary söwda nokatlarynyň 100-e golaýy, durmuş hyzmaty binalary, ýapyk bazar we şäher ilatyna hyzmat edýän iri döwrebap binalaryň ýene-de ikisi bar.Toplum döwrebap bezeg serişdeleri, milli binagärlik elementleri ulanylyp, ýokary hilde gurlupdyr.

...406