Ykdysadyýet
06.03.2025
5764
Täze ýaşaýyş jaýlary eýelerini garşylaýarlar
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy bolup geçdi. Çäräniň çäginde içki gurluşy gowulandyrylan üç sany köp öýli bina ulanylyşa berildi.
06.03.2025
8395
TEIF 2025: Ählumumy hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we ösüş
Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025), iri halkara guramalarynyň we hökümetara gurluşlarynyň wekilleriniň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekýär.
05.03.2025
3119
Türkmenistanly kompaniýalar Rumyniýada boljak sarp ediş harytlarynyň sergisine çagyrylýar
Rumyniýanyň sergi pudagynda öňdäki orunda durýan «Romexpo S.A.» türkmenistanly telekeçileri 29-njy maýdan 2-nji iýuna çenli Buharestde geçiriljek «TIBCO-2025» (Targul international de bunuri de larg Consum) halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.
04.03.2025
5959
Baş maksat — halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we Watanymyzy gülledip ösdürmek
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy durmuş ugurly özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.
03.03.2025
5812
Daşoguz welaýatynda ýeralmany ösdürip ýetişdirmeklikde hil taýdan täze derejä çykaryldy
Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň köp mukdarda ekilmegine ýaňy-ýakynda başlanan-da bolsa, her ýyl alynýan ýokary hasyl sebitiň topragynyň we howa şertleriniň bu ekini öndürmek üçin örän ýaramlydygyny görkezýär.
03.03.2025
5359
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
02.03.2025
4175
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri kiberhowpsuzlygyň esaslaryny öwrenýärler
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň mejlisler zalynda «Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlygyň esaslary» atly okuw maslahaty geçirildi.
01.03.2025
8272
Londonda geçirilen Halkara Energetika Forumynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň möhüm wakalary hödürlendi
Türkmen Energiýa Forumyň (TEF) wekilleri 24-27-nji fewral aralygynda Londonda geçirilen “Platts London Energy Forum 2025” we “London Energy Week” atly halkara energetika forumlaryna işjeň gatnaşdylar.
28.02.2025
8006
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalar – gurluşyk-senagat toplumynyň üstünligi
Gurluşyk-senagat toplumy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň esasy pudaklary – senagat, gurluşyk, şol sanda ýol gurluşygy, himiýa, energetika güýçli depginler bilen ösýär.
27.02.2025
4869
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň işgärleri ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri has-da netijeli zähmet çekýärler. Olar konserniň Günbatar sebitiň çäklerindäki nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde saldamly işleri bitirýärler.