Ykdysadyýet
15.03.2024
3032
B5+1 forumynda Türkmenistanyň işewürlik gurşawynyň we maýa goýum ýagdaýynyň ösüşi görkezildi
Merkezi Aziýadan we ABŞ-dan döwlet pudagynyň, telekeçiligiň hem bilermenler jemgyýetiniň wekilleri halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagynda 14-15-nji martda Almaty şäherinde «Döwlet-hususy gepleşikler arkaly Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady integrasiýany güýçlendirmek» atly ilkinji B5+1 forumy geçirdiler.
15.03.2024
3750
Türkmenistan we Özbegistan gümrük işgärlerini taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň gümrük institutynyň mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.
13.03.2024
6508
Mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
13.03.2024
5279
Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň wekiliýeti statistika meseleleri boýunça bilermenler mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň wekillerinden ybarat bir topar mart aýynyň başynda Ženewadaky Milletler Köşgünde geçen çagalar baradaky statistika boýunça bilermenler mejlisine gatnaşdy.
10.03.2024
5492
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy.
09.03.2024
6202
Daşoguz welaýatynda ýeralma ekilýär
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary ýeralma ekişine girişdiler. Geçirilen agrotehniki çäreler netijesinde bu oba hojalyk ekinine bölünip berlen ýerler, tohum materiallary we zerur enjamlar jogapkär çärä öz wagtynda hem-de gowy hilli taýýarlanyldy.
06.03.2024
6084
Balkan welaýatynda ýerasty suwlarynyň geologiýa-gözleg işleri dowam edýär
«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik düzümlerinde mynasyp hyzmatlar bitirilýär.
06.03.2024
4882
Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna baryp gördüler
Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň hünärmenlerinden ybarat bolan wekiliýet Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna baryp gördi. Myhmanlar portuň gurluşy we amala aşyrýan hyzmatlary bilen tanyşdylar.
05.03.2024
5161
Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisiniň çäginde göçme birža söwdasy geçirildi
Şu gün, ýagny 5-nji martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi öz işini dowam etdi.
05.03.2024
5680
Pamyk egriji kärhanada işler ileri
Dünýäniň iň ösen döwletleriniň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy ýokary hilli nah ýüplügi öndürmeklige niýetlenendir.