Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan çuňňur mazmunly çäreler barha giň gerime eýe bolýar.
Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy, halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ysnyşykly doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde berkarar Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm orna eýedigini äleme jar edýär. Şanly baýrama ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp sowgatly barýarlar. Oňa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 6 – 12-nji dekabrynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, sahawatlylyk, dost-doganlyk ýaly adamzada mahsus mukaddes ýörelgeleri özünde jemleýän bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» at bilen geçiriljek, dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň meşhur eserleri esasynda sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynyň hepdeligini mysal hökmünde buýsanç bilen aýtmak bolar.
Hepdeligiň dowamynda ildeşlerimiz doganlyk halklaryň ýazyjylarynyň teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna oýunlary bilen tanşyp, şol halklaryň ruhy dünýäsine aralaşyp bilerler. Bu bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň mazmuny bilen sahna ussatlarynyň döreden eserleriniň sazlaşygyny emele getirer. Halklaryň, halkyýetleriň ýa-da milletleriň dilleriniň, käbir däp-dessurlarynyň tapawutly bolmagyna garamazdan, tutuş ynsanyýet üçin möhüm bolan agzybirlik, asudalyk, dost-doganlyk, hoşniýetli garaýyşlar, şol sanda maşgala, ýokary ahlaklylyk, halallyk ýaly umumadamzat gymmatlyklary bar.
Ynsanyýetiň ygtybarly geljeginiň kepili bolan bu ynsanperwer ýörelgeleri, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklaryny wagyz edýän, ynsan kalbynyň çuňluklaryna aralaşyp, sagdyn ynsan keşbini kemala getirmäge ýardam edýän doganlyk ýurtlaryň ýazyjylarynyň meşhur sahna eserleriniň hepdeligine Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Aslynda ýurdumyzda bellenilýän her bir baýramçylyga şol senäniň mazmunyny açýan täze sahna eseri bilen sowgatly barmak teatrda asylly däbe öwrülipdir. Teatrda bu möhüm çärä doganlyk halklaryň belli ýazyjylarynyň sahna eserleri saýlanyp alnypdyr. Hepdeligiň dowamynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň maşgala durmuşyndan söz açýan «Gaýyn ene», özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň «Demir aýal», gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti esasynda döredilen sahna oýny, şeýle hem rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň «Söz aýdyş», özbek ýazyjysy Nurullo Abboshanyň «Körpe gelin» hem-de tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Bir gyza dört aşyk» spektakllary tomaşaçylara hödürlener.
Teatr sahnasynda goýuljak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunynyň baýramçylygyň belent ruhy bilen sazlaşygyny emele getirýän ähli sahna eserleriniň tomaşaçylaryň göwnünden turmaklygyny gazanmak üçin Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň häzirden çekýän tutanýerli zähmetini bellemek bolar.