Ï Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreler, konsertler we ussatlyk sapaklary hem-de görkeziljek sahna oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreler, konsertler we ussatlyk sapaklary hem-de görkeziljek sahna oýunlary

view-icon 2178
Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreler, konsertler we ussatlyk sapaklary hem-de görkeziljek sahna oýunlary

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary dynç alyş günlerinde ençeme medeni çärelere gatnaşyp, guraljak konsertlerde ýaňlanjak ajaýyp aýdym-sazlary diňläp, teatrlarda görkeziljek sahna oýunlaryna tomaşa edip lezzet alyp bilerler.

1-nji noýabrda sagat 17:00-da Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dünýäniň owazlary» atly baýramçylyk konserti bolar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabarada Döwlet hory we çagalar hory çykyş eder. Konsertde Perman Miriýew we Maýa Baýlarowa dirižýorlyk ederler.

1-nji noýabrda sagat 19:00-da Aşgabatdaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde döredijilik önümlerini döretmek boýunça senetçilik ýarmarkasyny we çeperçilik ussatlyk sapaklaryny geçirer. Bu çärä çagalar hem-de olaryň ene-atalary bilelikde gatnaşyp bilerler. 

1 – 10-njy noýabr aralygynda Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeni merkezi miniatýura surat we bezeg boýunça birnäçe ussatlyk sapaklaryny gurar. Sapaklara gatnaşmak isleýänler Merkezde bellige alnyp bilerler. Sapaklara miniatýuraçy Saýedeh Haşemi we suratkeş Najmeh Hosseini ýolbaşçylyk eder.

Paýtagtymyzyň teatrlary bolsa tomaşaçylary sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

01.11.2025. «Giýewleriň bäsleşigi» 19:00;

02.11.2025. «Hindi rowaýaty» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

01.11.2025. «Ynsap» 19:00;

02.11.2025. «Bir ojakda iki dünýe» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

01.11.2025. «Yşk mekany Hindistan» 19:00;

02.11.2025. «Söweşe garşy söweş» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

01.11.2025. «В гостях у сказки» 12:00;

01.11.2025. «Восемь любящих женщин» 19:00;

02.11.2025. «Похищение чебурашки» 11:00; 13:00;

02.11.2025. «Ханума» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

01.11.2025. «Amanat giýew» 19:00;

02.11.2025. «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

01.11.2025. «Altyn jüýje» 17:00;

01.11.2025. «Aşyklar» 19:00;

02.11.2025. «Çagalyk älemgoşary» 12:00; 17:00;

02.11.2025. «Jüýteniň toýy» 19:00.