Ï Türkmenistanly sazandalar «Dutaryň owazy» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly sazandalar «Dutaryň owazy» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda

view-icon 1776
Türkmenistanly sazandalar «Dutaryň owazy» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda

3-nji noýabrda Moskwada, Russiýanyň Sungat akademiýasynyň Zurab Sereteli adyndaky Sungatlar galereýasynda Nury Halmämmedow adyndaky IX Moskwa halkara «Dutaryň owazlary» sungat festiwalynyň bir hepdelik bäsleşigini jemlän gala-konserti boldy.

Çäräniň gerimini oňa gatnaşyjylaryň geografiýasy nygtaýar. Bu ýyl bäsleşige Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Gwatemala we Türkmenistan ýaly dürli döwletlerden ýüzden gowrak arza gelip gowuşdy. Festiwalyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnowyň baştutanlygyndaky eminler toparynyň düzümine dürli ugurlar boýunça bilermenler girdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň uly bölegi öz zehinlerini onlaýn-görnüşde görkezdiler, bu bolsa giň halkara ähmiýetini üpjün etdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanly sazandalar birbada birnäçe ugur boýunça bellenildi.

«Kirişli-kemençeli gurallar» ugrundan Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kontrabasçysy Guwanç Saryýew I derejeli baýragyň eýesi diýen ada mynasyp boldy. Sazanda uly ýaş toparynda çykyş edip, türkmen kompozitory Çary Nurymowyň «Adažio» atly pýesasyny we ispan kompozitory Pablo de Sarasatäniň kontrabas üçin uýgunlaşdyrylan «Sygan heňleri» atly tehniki taýdan çylşyrymly eserini ýerine ýetirdi.

Fortepiano partiýasyny halkara bäsleşikleriniň diplomanty, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli gurallar kafedrasynyň uly sazandary Jennet Hudaýgulyýewa ýerine ýetirdi.

Bu ugur boýunça II we III derejeli baýrak eýeleri bolsa Türkmenistandan ýaş sazandalar Milara Tahyrjanowa (orta ýaş topary) hem-de Asal Aýlyýewa, Aýlar Rustamowa (kiçi ýaş topary) boldular.

«Wokal sungaty» ugrundan uly toparda Aýlar Arnageldyýewa we Selbi Imamowa I derejeli baýrak eýeleri boldular. II derejeli baýrak eýeleri diýlip Aýjeren Abdyllaýewa, Yhlas Welihanow, Muhammetaly Muhammedow, şeýle hem kiçi ýaş toparynda Umyt Töräýew yglan edildi.

«Fortepiano» ugrundan Nazar Reýimow (orta ýaş topary) I derejeli ýokary baýraga mynasyp boldy. II derejeli baýrak eýeleri Aýnur Kabulowa, Aýgözel Nurmämmedowa we Ogulnäzik Rahmanowa (uly ýaş topary) boldular. III derejeli baýragyň eýesi diýip Kerimberdi Mämmedow yglan edildi. Amina Babaýewa (kiçi ýaş topary) diplomant boldy.

Festiwalyň ýörite baýraklaryna Russiýanyň we Gwatemalanyň wekilleri mynasyp boldular.

Her ýyl geçirilýän «Dutaryň owazlary» sungat festiwaly dokuzynjy gezek geçirilip, täze zehinleri ýüze çykarmak we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Adatça, etnomedeni däplere esaslanýan nusgawy saz sungatyna üns berýän bu forum aýratyn ähmiýete eýe boldy. Onuň mowzugy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gabat geldi. Jemleýji gala-konsert görnükli suratkeş Zurab Sereteliniň hatyrasyna-da bagyşlandy.