Her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Berekediň egsilmesin, topragym!» atly sergi açyldy.
Sergide daýhan zähmetini we dogduk topragymyzyň berekedini wasp edýän işler görkezilýär. Sergä gelenler hasyla bagyşlanan manzaralary we sahnalary görüp bilerler. Sergide heýkeller-de goýlupdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda bolsa Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň we onuň okuwçylarynyň «Mekdebe öwrülen durmuş» atly sergisi geçirilýär.
8-nji noýabrda sagat 19:00-da giň gerimli «TA-Tal» çagalar teatry werbatim žanrynda «fragile.doc» atly resminamalaýyn sahna oýnuny görkezer.

10-njy noýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Hans Simmeriň epik sazlary» atly ikinji konsert bolar. Onda Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary orkestri meşhur nemes kompozitorynyň filmlere ýazan meşhur sazlaryny ýerine ýetirer.
Hans Simmer «Başlangyç» («Wagt»), «Gladiator» («Indi biz azat»), «Interstellar» («Mekgejöwenlikdäki kowgy», «Birinji gün»), «Şa ýolbars» («Durmuş aýlawy») we «Karib deňziniň garakçylary» ýaly meşhur filmler üçin saz ýazan awtordyr. Onuň eserleriniň giň sanawyna «Gara söweşiji», «Dýuna» we «Iň soňky samuraý» eserleriniň meşhur saz mowzuklary hem girýär.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Nikolaý Gogolyň «Öýleniş» atly eseri boýunça täze sahna oýnuny sahnalaşdyrmagyň üstünde iş başlandy. Komediýanyň režissýory Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenow. Sahnada teatryň esasy sahna ussatlary çykyş edýärler.

Paýtagtymyzdaky teatrlarda dynç günleri boljak tomaşalar:
Beýik S. Türkmebaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
08.11.2025. «Wah, siz aýallar» ‒ 19:00;
08.11.2025. «Gelin gelýär» ‒ 19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
08.11.2025. «Super gaýynene» ‒ 19.00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
08.11.2025. «Gumly gelin» ‒ 19.00;
09.11.2025. «Garaşanym» ‒ 19.00.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
08.11.2025. «Üç jojuk» ‒ 19:00;
08.11.2025. «Hindi söýgüsi» ‒ 19:00;
09.11.2025. «Aly baba» ‒ 11:00; 13:00;
09.11.2025. «Köpbilmiş aşyk» ‒ 19:00.
Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
08.11.2025. «Saňa ‒ ýalan, maňa ‒ çyn» ‒ 19:00;
09.11.2025. «Gülki agşamy» ‒ 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
08.11.2025. «Çagalyk säheri» ‒ 17:00;
08.11.2025. «Çagaly öý ‒ bazar» ‒19:00;
09.11.2025. «Bir towşanjyk bar eken» ‒ 12:00; 17:00;
09.11.2025. «Çagaly öý ‒ bazar» ‒19:00.