Ï Türkmen klublary AFK-2 Çempionlar Ligasynda katarly we eýranly garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen klublary AFK-2 Çempionlar Ligasynda katarly we eýranly garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar

view-icon 2706
Türkmen klublary AFK-2 Çempionlar Ligasynda katarly we eýranly garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar
camera-icon
AFK

AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn ýaryşynyň dördünji tapgyry türkmen futbol klublary bolan «Arkadag» we «Ahal» toparlary üçin deňme-deň tamamlandy.

«B» toparda çykyş edýän Türkmenistanyň häzirki çempiony geçen möwsümiň jemleri boýunça Kataryň Ýyldyzlar Ligasynda (iň ýokary bölümde) dördünji orny eýelän «Al-Ahli» toparyny «Arkadag» stadionynda 10 müň tomaşaçynyň goldawy bilen kabul etdi. Iki hepde mundan ozal bu toparlar Dohada duşuşdylar. Şonda Wladimir Baýramowyň şägirtleri oýnuň ikinji ýarymyna goşulan goşmaça wagtyň ilkinji minudynda 2:2 hasabynda deňligi sakalamgy başardylar.

Belgiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Müsürden, Marokkodan, Niderlandlardan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Horwatiýadan we Sudandan 13 sany oýunçysy bolan «Al- Ahli» topary şikesli bolan iki esasy oýunçysyny, ýagny 2014-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň 32 ýaşly çempiony we 2017-nji ýyldaky Konfederasiýa Kubogynyň ýeňijisi Julian Draksleri we 29 ýaşly ispaniýaly hüjümçi Erik Ekspositony jogap oýny üçin Türkmenistana getirmedi.

«Arkadag» we «Al-Ahli» toparlary ikinji ýüzbe-ýüz oýna jedweliň dürli tarapyndan girdiler. Ýaryş meýdanynyň ýarysyndan soň 6 utugy bolan Katar topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyndan bir utuk, Özbegistanyň «Andijon» toparyndan bolsa üç utuk öňde bolmak bilen, «B» toparda birinji orny eýeledi.

Toparlaryň bu ýagdaýy Türkmenistanyň häzirki çempionyny diňe ýeňmek üçin oýnamaga borçly edýärdi. Şonuň üçin-de «Arkadag» topary ilkinji minutdan depginli hüjüme başlady. Şeýle-de bolsa, tejribeli «Al-Ahli» oýnuň hörpüni ele aldy we 23-nji minutda hasaby açdy. Goly Belgiýanyň «Anderleht» we Gollandiýanyň «Twente» toparlaryndaky oýunlary bilen tanalýan 28 ýaşly niderland oýunçysy Mihel Wlap saldy. Ol Welmyrat Ballakowyň aýagyndaky topy alyp, derwezäniň aşaky uzak burçuna jaýdar urdy.

«Arkadag» topary 26-njy minutda 31 ýaşly horwatiýaly oýunçy Mateý Mitrowiçiň öz derwezesine salan goly netijesinde ýeňlişden halas boldy. Ol Arzuwguly Sapargulyýewiň sag gapdaldan uran topuny kellesi bilen öz derwezesine gönükdiripdi.

Oýnuň ikinji ýarymy «Arkadag» toparynyň göz-görtele artykmaçlygynda geçdi, olar ýeňiş gazanmak üçin köp tagalla etdi, emma myhmanlar 1:1 hasabyndaky deňligi elde saklamagy başardylar.

Şol bir wagtda, Bahreýniň Arad şäherinde geçirilen başga bir oýnunda ýerli «Al-Haldiýa» topary «Al-muharrak» stadionynda 244 tomaşaçynyň öňünde Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Bu oýunlardan soň ýaryş jedwelinde aşakdaky ýaly ýagdaý ýüze çykdy: «Al-Ahli» topary 5 oýundan soň 7 utuk, «Al-Haldiýa» topary 5 oýundan soň 6 utuk, «Andijon» topary 4 oýundan soň 4 utuk, «Arkadag» topary bolsa 4 oýundan soň 3 utuk toplady.

«Al-Ahli» topary oýunda 2 utuk ýitiren hem bolsa, «Arkadag» toparynyň pleý-offa çykmak mümkinçiligi bar.

Ýatlama: 1/8 finala toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy iki topar çykar. «Arkadag» topary indiki oýnuny 26-njy noýabrda myhmançylykda «Andijon» topary bilen geçirer, 24-nji dekabrda boljak jemleýji ýaryşda bolsa öz stadionynda «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder.

Başga bir türkmen topary, ýagny «Ahal» topary «C» toparyň dördünji tapgyrynda Yspyhanda Eýranyň «Sepahan» topary bilen oýnady. Malaýziýaly FIFA emini Razlan Joffri Aliniň eminlik eden bu oýny «Nägş-e jähan» stadionynda 8050 tomaşaçynyň öňünde bolup geçdi.

«Sepahan» Eýranyň iň üstünlikli futbol toparlarynyň biridir. Ol 1953-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda döredildi. 2007-nji ýylda «Sepahan» topary Aziýanyň iň esasy toparlar ýaryşy bolan AFK Çempionlar Ligasynyň finalyna çykdy, şeýle hem FIFA-nyň Klublara dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji Eýran topary boldy we ol ýerde ilkinji oýunda Täze Zelandiýanyň «Waýtakere ýunaýted» toparyny ýeňip, çärýek finala çykdy. Mundan başga-da «Sepahan» topary Pars aýlagynyň hünäri Ligasyny (Eýranyň ýokary bölümi) bäş gezek utdy. 2024-nji ýylda bolsa milli Super Kubogyny gazandy we geçen möwsümde Eýranyň wise-çempiony boldy.

Iki hepde mundan öň, «Ahal» topary Yspyhandaky şol stadionda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň özara duşuşygynda «Sepahan» topary bilen duşuşypdy. Şonda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary diňe oýnuň ahyrynda 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Jogap oýnunda Türkmenistanyň wise-çempiony öz meýdançasynda güýçli garşydaşynyň meýdançasynda hakyky darkaş gurap, tas görenleri haýrana goýupdy. Welsähet Öwezowyň şägirtleri 9-njy minutda Araş Rezawandyň jerime meýdançasyndan uran takyk urgusy zerarly çalt gol goýberen hem bolsalar, ruhdan düşmediler we arakesmeden öň hasaby deňlediler ‒ 1:1. 27-nji minutda Alibek Abdyrahmanow eýranlylaryň şowsuz uran topuny tutdy, goragçyny aldap, garşydaşyň jerime meýdançasyna geçip, topy merkeze – Süleýman Mirzoýewe geçirdi, oňa bolsa diňe topy derwezä salaýmak galdy.

Oýnuň ikinji ýarymynyň ortalarynda bolsa «Ahal» topary 2:1 hasabynda anyk öňe geçdi. 62-nji minutda türkmen toparynyň kapitany Elman Tagaýew jerime meýdançasyndan Bagtyýar Gürgenowa ýokardan ajaýyp top geçirdi, ol-da topy kellesi bilen urup, derwezeçi Hosseýn Hosseýniniň duşundan geçirdi.

65-nji minutda emin Azat Rahmanowy oýundan çykardy. Ol ispaniýaly oýunçy Iwan Sançese garşy gödek hereketi üçin ikinji sary karty alypdy. Emma şondan soň, azlykda galan hem bolsa, «Ahal» topary türkmen klubyna pleý-offa çykmak mümkinçiligini berýän ýeňiş hasabyny elde saklamak umydy bilen tejribeli garşydaşyna garşy jan aýaman göreşdi.

Hasap myhmanlaryň peýdasyna 2:1-kä, emin oýnuň ikinji ýarymyna alty minut wagt goşdy. Minutlar syrly dymýardylar we «Ahal» topary ýeňşi elde saklap biläýjek ýalydy. Emma goşmaça wagtyň gutarmagyna 11 sekunt galanda, Mohammad Askari Ari Ýusefiniň sag ganatdan iberen ajaýyp topuny derwezäniň ýokarky burçuna uran takyk urgusy bilen «Sepahan» toparyny ýeňlişden halas etdi.

«Ahal» topary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnamak bilen, 1/8 finala çykmak mümkinçiligini elden gidirdi.

Ýatlama: ozal Türkmenistanyň wise-çempiony Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi, ýöne Hindistanyň çempionynyň oýnamak hukugyndan mahrum edilmegi sebäpli, bu netije ýatyryldy. Bularyň hemmesi, elbetde, biziň toparymyzyň ýaryşdaky ýagdaýyna täsir etmän durmady.

Şu güne çenli «C» toparyndaky ýagdaý şeýle: Iordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn» 6 utuk bilen öňde barýar, Eýranyň «Sepahan» toparynyň 4, «Ahal» toparynyň bolsa 1 utugy bar.

Bu toparda iki oýun galdy: 25-nji noýabrda «Sepahan» topary bilen «Al-Husseýn» topary, 23-nji dekabrda bolsa «Al-Husseýn» topary bilen «Ahal» topary duşuşar.