Ï Türkmenistanyň wekilleri Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryna mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryna mynasyp boldular

view-icon 1574
Türkmenistanyň wekilleri Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryna mynasyp boldular

Stambul şäheriniň «Zorlu» ýerine ýetiriş sungaty merkezinde «Beýik sähraň ruhy», «Türki dünýäniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy hormatlaýarlar» atly halkara çeperçilik sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Çingiz Aýtmatow adyndaky Institut tarapyndan guralan sergi, türki dünýäsiniň dürli sebitlerinden 16 ussat suratkeşiň ýüzden gowrak eserini birleşdirdi. Suratlar türki dünýäsiniň öwüşginlerini we beýik ýazyjynyň edebi mirasyny şöhlelendirýär.

Açylyş dabarasyna resmi wekiller, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, işleri görkezilen suratkeşler, serginiň kuratory, azerbaýjan suratkeşi Sakit Mamedow, Çingiz Aýtmatowyň ogly Eldar Aýtmatow, şeýle hem köp sanly myhman gatnaşdy. Çykyş edenler Aýtmatowyň eserleriniň türki dünýä üçin ähmiýetini we medeni agzybirlik üçin umumy türk elipbiýiniň wajyplygyny nygtadylar.

Çärede Çingiz Aýtmatowyň «Jemile» atly eseriniň täze neşiri tanyşdyryldy. Bu neşir Türki Döwletleriň Guramasy tarapyndan işlenip düzülen 34 harply umumy türk elipbiýini ulanyp taýýarlanan we çap edilen ilkinji neşirdir.

Maksatnamanyň ahyrynda Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýokary derejä mynasyp bolan laureatlaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bar. Akademiýa Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan täze hakyky agzalary hem-de habarçy agzalary kabul etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi, iki gezek Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalygyna saýlandy.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi, suratkeş Gahryman Goçmyradowa Habarçy agza ady berildi.

Serginiň netijeleri boýunça görkezilen eserleriň girizilen ýörite çeperçilik katalogy çap edildi.