Ï Türkmenistan sanly maglumat alyş-çalşa üstünlikli geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan sanly maglumat alyş-çalşa üstünlikli geçýär

view-icon 825
Türkmenistan sanly maglumat alyş-çalşa üstünlikli geçýär

Aşgabatda 12-nji noýabrda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi açyldy. 

Sergide Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky «Türkmentelekom» döwlet kompaniýasynyň pudagara elektron aragatnaşyk departamentiniň wekili Mekan Meredow «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşliginde elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işi barada gürrüň berdi.

«Aragatnaşyk ministrliginiň wekili hökmünde aýtsam, bu ýyl biziň üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Biz has özara baglanyşykly, howpsuz we elektron hökümet ulgamyny döretmekde uly ösüş gazandyk. Bu ýoldaky iň möhüm ädimimiz bolsa täze platforma – «X-Road» atly milli maglumat alyş-çalşygy ulgamymyzdyr» – diýip, M.Meredow belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalşy ýaly, bu ulgam edaralaryň arasynda maglumatlaryň elektron görnüşde howpsuz geçirilmegi üçin niýetlenendir. Ol kagyz göterijileriň ornuny tutýar hem-de lukmançylyk, bilim, döwlet we ýuridik hyzmatlar ýaly dürli pudaklary öz içine alýar.

«Elektron hökümet» ulgamy raýatlara dürli edaralardan kepilnamalary we resminamalary ýeke-täk kömekçi goşundy arkaly almaga mümkinçilik berer. Onuň esasy maksady raýatlaryň döwlet hyzmatlarynyň sanly görnüşine elýeterliligini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda bu sanly ulgama birnäçe ministrlikler we pudak edaralary birikdirildi. Geljekde raýatlar üçin sanly hyzmatlary has elýeterli etmek maksady bilen, giňeldiliş işlerini çaltlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu ädim Türkmenistanyň sanly özgertmeleriň indiki tapgyryna taýýardygyny aýdyň görkezýär.